Casio dolulygyna gaýtadan işlenen materiallardan öndürilen sagatlaryny çykardy: zarýad bermezden 10 ýyl işleýär

  • 16.01.2025 15:20
  • 5.8k+

Ýapon kompaniýasy Casio "G-Shock" sagadynyň iki täze modelini çykardy: GD-010CE-5JF we GA-010CE-2AJF. Bu sagatlar gaýtadan işlenip taýýarlanan materiallardan we iýmit galyndylaryndan alnan boýaglardan öndürildi.

Sagatlaryň esasy polimer bölekleri biomassadan we gaýtadan işlenen plastikadan, reňklenen guşaklary bolsa korduradan (gaýtadan işlenen neýlondan) we PET süýüminden taýýarlanyldy.
Sagatlary reňklemek üçin Food Textile tehnologiýasyndan peýdalanyldy: GA-010CE modeli gyzyl şugundyrdan alnan boýag bilen, GD-010CE modeli bolsa ehinaseýadan alnan boýag bilen reňklendi.
Bu sagatlar energiýa tygşytlaýjy tehnologiýalaryň kömegi bilen zarýada goýulmazdan 10 ýyla çenli işleýär. Berk uglerodly ýadrosy, sagatlaryň ýeňil we çydamly bolmagyny üpjün edýär. Sagatlar, 200 metr çuňluga çenli suw geçirmeýär. Şeýle hem, garaňkyda ýeňil ulanylar ýaly yşyklandyryş bilen üpjün edilendir.
Sagatlar ýanwarda satuwa çykarylar. GD-010CE modeliniň bahasy 17050 ýena (takmynan 109 dollar), GA-010CE modeliniň bahasy bolsa 20350 ýena (takmynan 129 dollar) bolar.

şu gün 11:22
1.7k+

Türki döwletler 34 harpdan ybarat elipbiýi ornaşdyrmagy ara alyp maslahatlaşýarlar

Astana şäherinde Türk akademiýasy tarapyndan gurnalan Umumy türk elipbiýi komissiýasynyň dördünji mejlisi geçirildi. Altyn Orda neşiriniň habar bermegine görä, duşuşyga gatnaşyjylar esasan 34 harpdan ybarat......

şu gün 11:08
1.1k+

«Ýura eýýamynyň dünýäsi: Hökmürowanlyk» taryhda iň çykdajyly film diýlip ykrar edildi

«Ýura eýýamynyň dünýäsi: Hökmürowanlyk» (Мир Юрского периода: Господство) filmi taryhda iň gymmat düşen kino taslamasy diýlip yglan edildi. «Fortune» neşiriniň maglumatlaryna görä, Universal Pictures......

şu gün 10:10
1.5k+

Zergär Göwher Nuryýewa Buharada geçen halkara festiwalyň Kubogyna mynasyp boldy

Türkmen zergäri, Suratkeşler birleşiginiň agzasy Göwher Nuryýewa Altyn sapak we zergärçilik hünäri III halkara festiwalynda üçünji orny eýeledi. Bu çäre 15—17-nji maý aralygynda Buhara (Özbegistan) şäherinde......

şu gün 08:15
1.3k+

BAE göreşe goşuldy: ýurtda 15 ýaşdan kiçilere sosial torlaryny ulanmak gadagan edildi

Birleşen Arap Emirlikleriniň (BAE) Hökümeti kämillik ýaşyna ýetmedikleriň sosial ulgamlaryny ulanmagyny düýpgöter çäklendirýän karary tassyklady. «Khaleej Times» neşiriniň habar bermegine görä, mundan beýläk......