Dünýäniň iň baý aşpezi kim we onuň baýlygy näçe?

  • 16.01.2025 15:13
  • 14k+

Tokioda doglan, dünýäniň iň baý aşpezi hasaplanýan Alan Wongyň baýlygy 880 million funt sterlinge ýetýär. Bu, meşhur iňlis aşpezleri Jeými Oliwer (164 million funt sterling) bilen Gordon Ramziniň (180 million funt sterling) jemi baýlygyndan hem iki esse köpdür diýip, britan neşiri Daily Mail habar berýär.

Wong ilki Gawaý tagamlary bilen tanalyp, 2009-njy ýylda ABŞ-nyň prezidenti Barak Obama üçin nahar bişirmegi bilen has hem meşhurlyk gazandy. Wong öz işini birnäçe restoran açmak bilen giňeltdi we milli Gawaý tagamlaryny dünýä tanatmagy başardy.

Dünýäniň iň baý ikinji aşpezi – Tesla kompaniýasynyň esaslandyryjysy, milliarder Ilon Maskyň kiçi erkek dogany Kimbal Maskdyr. Kimbal Mask, “The Kitchen Restaurant Group” restoranlar ýygyndysynyň eýesi bolup, ABŞ-nyň dürli şäherlerindäki restoranlary bilen tanalýar.

Dünýäniň iň baý üçünji aşpezi – Jeými Oliwer, 1990-njy ýyllardaky “The Naked Chef” telewideniýe programmasy bilen meşhur bolup, kitaplary we restoranlary arkaly uly şowhun gazanmagy başardy.
Dünýäniň iň baý dördünji aşpezi – Gordon Ramzi, futbol karýerasyny 1985-nji ýylda şikes sebäpli taşlap, aşpezlige başlady. Ol, 17 sany Mişlen ýyldyzynyň eýesi bolup, dünýäniň dürli künjeklerinde restoranlar açdy. Ramzi, “Hell’s Kitchen” ýaly meşhur telewideniýe programmalary bilen tanalyp, tagam taýýarlamakdaky ýokary hünärini köpçülige görkezmegi başardy.

şu gün 11:22
1.7k+

Türki döwletler 34 harpdan ybarat elipbiýi ornaşdyrmagy ara alyp maslahatlaşýarlar

Astana şäherinde Türk akademiýasy tarapyndan gurnalan Umumy türk elipbiýi komissiýasynyň dördünji mejlisi geçirildi. Altyn Orda neşiriniň habar bermegine görä, duşuşyga gatnaşyjylar esasan 34 harpdan ybarat......

şu gün 11:08
1.1k+

«Ýura eýýamynyň dünýäsi: Hökmürowanlyk» taryhda iň çykdajyly film diýlip ykrar edildi

«Ýura eýýamynyň dünýäsi: Hökmürowanlyk» (Мир Юрского периода: Господство) filmi taryhda iň gymmat düşen kino taslamasy diýlip yglan edildi. «Fortune» neşiriniň maglumatlaryna görä, Universal Pictures......

şu gün 10:10
1.5k+

Zergär Göwher Nuryýewa Buharada geçen halkara festiwalyň Kubogyna mynasyp boldy

Türkmen zergäri, Suratkeşler birleşiginiň agzasy Göwher Nuryýewa Altyn sapak we zergärçilik hünäri III halkara festiwalynda üçünji orny eýeledi. Bu çäre 15—17-nji maý aralygynda Buhara (Özbegistan) şäherinde......

şu gün 08:15
1.3k+

BAE göreşe goşuldy: ýurtda 15 ýaşdan kiçilere sosial torlaryny ulanmak gadagan edildi

Birleşen Arap Emirlikleriniň (BAE) Hökümeti kämillik ýaşyna ýetmedikleriň sosial ulgamlaryny ulanmagyny düýpgöter çäklendirýän karary tassyklady. «Khaleej Times» neşiriniň habar bermegine görä, mundan beýläk......