Apple Watch hatary 2025-nji ýylda uly täzelenme alar

  • 16.01.2025 15:04
  • 4.4k+

2025-nji ýylda Apple akylly sagatlarynyň tutuş hatarynyň, şol sanda Apple Watch SE, Series 11 we Ultra 3 modelleriniň düýpli täzelenmesini meýilleşdirýär diýip, 9to5Mac habar berýär.

Apple Watch-yň has gymmatly modelleriniň daşky görnüşiniň, ähtimal, üýtgemejekdigine garamazdan, Apple Watch Ultra 3 hemra aragatnaşygynyň we 5G RedCap ulgamynyň goldawyna eýe bolar. Bu hem birikmek mümkinçiligini ep-esli giňelder.
Şeýle-de, kompaniýa Apple Watch Series 11 we Ultra 3 sagatlaryna gan basyşyny ölçemek funksiýasyny goşar. Ýöne, Bloomberg-den Mark Gurmanyň maglumatlaryna görä, bu funksiýanyň öz nýuanslary bar. Ol “ýokary basyş detektory” hökmünde işläp, ulanyjyny bolup biljek mesele barada duýdurar.

Funksiýa “ulanyjylara diastolik we sistolik derejeli takyk görkezmeleri bermeýär, ýöne ýokary gan basyşynyň bardygyny habar berýär” diýip, Gurman belledi.

Ilkibaşda arterial basyşa gözegçilik funksiýasy Apple Watch Series 10-da peýda bolar diýlip meýilleşdirilipdi, ýöne onuň çykmagy sagatlaryň gurluş aýratynlygy sebäpli soňa goýuldy. Muňa garamazdan, kompaniýa bu funksiýany 2025-nji ýylda hödürlemegi meýilleşdirýär.
Eger gürrüňler tassyklansa, bu 2022-nji ýyldan bäri tutuş Apple Watch hatarynyň ilkinji göwrümli täzelenmesi bolar. Şol wagt Apple Watch SE 2, Series 8 we ilkinji Ultra modeli çykarylypdy. Geçen ýyl kompaniýa täze SE we Ultra 3 sagatlaryny hödürlär diýlip garaşyldy, ýöne kompaniýa gara titan korpusda täze Ultra 2-ni çykarmak bilen çäklendi.
Mundan başga-da, Apple beýleki gurluşlarda-da akylly funksiýalary ulanmagy meýilleşdirýär. Mysal üçin, ýürek ritmine gözegçilik funksiýasy we beýleki peýdaly funksiýalar bilen täze AirPods-yň çykmagyna garaşylýar.


16.05.2026 11:20
4.1k+

Stiw Jobs hümmeti 1 dollar bolan täze teňňäniň ýüzi boldy

ABŞ-nyň Zikgehanasy Apple kompaniýasynyň esaslandyryjylarynyň biri Stiw Jobsa bagyşlanan, hümmeti 1 dollar bolan ýadygärlik teňňesini resmi taýdan satuwa çykardy. Bu teňňe barada geçen ýyl yglan edilipdi....

07.05.2026 21:13
3k+

Apple “akylly” Siri-ni gijikdirendigi üçin iPhone 16 we iPhone 15 Pro-nyň eýelerine 250 million dollar tölär

Apple kompaniýasy Siri ses kömekçisiniň emeli aň (AI) funksiýalary bilen enjamlaşdyrylan täze görnüşiniň gijikdirilmegi zerarly ABŞ-da gozgalan köpçülikleýin kazyýet işini ýatyrmak üçin 250 million dollar......

11.04.2026 14:59
8.1k+

Dünýäde iň geçginli smartfonlaryň 10-lugyna birbada 5 sany iPhone girdi

2025-nji ýylyň dördünji çärýeginde dünýäde iň köp satylan 10 modeliň arasynda iPhone smartfonlary bäş orny eýeledi. Muňa Counterpoint Research kompaniýasynyň maglumatlary şaýatlyk edýär....

13.03.2026 16:33
3.2k+

Tim Kuk Apple ulanyjylaryna ýüzlendi: «Elli ýyl ozal kiçijik bir garažda uly pikir dünýä indi…»

2026-njy ýylyň 1-nji aprelinde Apple kompaniýasynyň döredilenine 50 ýyl dolýar we kompaniýa bu sene mynasybetli birnäçe çäreleri hem-de uly tanyşdyryşlary taýýarlaýar. Apple-iň baş direktory Tim Kuk bu möhüm senäniň gelerine garaşyp durman, kompaniýanyň saýtynda Apple-iň enjamlaryndan we hyzmatlaryndan peýdalanýanlaryň ählisine gönükdirilen açyk haty çap etdi...