Samsung Galaxy S24 smartfonlary Starlink arkaly hemra aragatnaşygyna eýe boldy

  • 16.01.2025 13:58
  • 4.9k+

ABŞ-da T-Mobile ulgamyndaky Samsung Galaxy S24 smartfonlaryny ulanyjylar hemra aragatnaşygyny goldaýan täzelenmäni alyp başlady. Täze tehnologiýa öýjükli aragatnaşygyň ýok ýerinde habarnamalary ibermäge we kabul etmäge mümkinçilik berýär diýip, Telecoms Tech News habar berýär.

Funksiýa häzirlikçe beta-synag režiminde we diňe programma üpjünçiliginiň deslapky ulanylyşyna gatnaşyjylar üçin elýeterlidir. Bellemeli ýeri, T-Mobile operatory täze mümkinçilik barada abonentlerine habar bermedi – gurluşlar awtomatik taýdan zerur täzelenmäni aldy.
Täze funksiýa SpaceX Starlink ulgamy arkaly amala aşyrylýar. Ýöne ol diňe One UI 6.1 we One UI 6.1.1 interfeýsleri bolan smartfonlarda işleýär. One UI 7.0 beta-wersiýasyny gurnan ulanyjylar täze funksiýadan peýdalanyp bilmez.
Hemra aragatnaşygy ýerüsti aragatnaşygyň bolmadyk ýerlerinde habarnama ibermäge we kabul etmäge mümkinçilik bermek bilen, tebigy betbagtçylyklarda ýa-da uzak sebitlere gezelençlerde möhüm aragatnaşygy üpjün edýär.


11.04.2026 14:59
8k+

Dünýäde iň geçginli smartfonlaryň 10-lugyna birbada 5 sany iPhone girdi

2025-nji ýylyň dördünji çärýeginde dünýäde iň köp satylan 10 modeliň arasynda iPhone smartfonlary bäş orny eýeledi. Muňa Counterpoint Research kompaniýasynyň maglumatlary şaýatlyk edýär....

11.04.2026 10:19
3.3k+

Samsung her dördünji ýewropalynyň iliň telefonyna jyklaýandygyny anyklady

Samsung tarapyndan geçirilen barlaga we Delfi agentliginiň berýän maglumatyna görä, Ýewropanyň ýaşaýjylarynyň ýarysyndan gowragy (56%) jemgyýetçilik ýerlerinde iliň telefonynyň ekranyna seredendiklerini boýun......

23.03.2026 00:03
5.8k+

Samsung Galaxy S26 Ultra-ny yzyna gaýtarmakdan ýüz öwrenlere 250 dollara çenli pul hödürleýär

«Samsung Galaxy S26 Ultra smartfonlaryny ulanýanlar kompaniýanyň enjamy yzyna gaýtarmakdan ýüz öwren ýagdaýynda, olara 250 dollara çenli öwez puly berilýär» diýip WCCFTech neşiri ýazýar. Ulanyjylaryň aýtmagyna görä, şeýle teklibi smartfon barada şikaýat ýa-da satyn alnan önümden närazylyk bilen kömek gullugyna ýüz tutanyňdan soň alyp bolýar...

24.02.2026 09:33
1.5k+

Samsung Galaxy S26 smartfonlaryna Perplexity emeli aň agentini goşar

Samsung geljekki Galaxy S26 smartfonlar hatarynda Galaxy AI ulgamynyň mümkinçiliklerini giňeldýär. Platformanyň täzelenen görnüşine Perplexity emeli aň (EA) agenti goşular. Öndüriji bu barada Galaxy Unpacked tanyşdyrylyşyndan birnäçe gün öň habar berdi...