Samsung Galaxy Ring täze ölçege, funksiýalara eýe bolar we täze bazarlara çykar

  • 16.01.2025 13:28
  • 3.4k+

Samsung Electronics kompaniýasy Galaxy Ring akylly ýüzügini täzeleýär.

2025-nji ýylyň 22-nji ýanwaryndan başlap ulanyjylara iki täze ölçeg – 14 we 15 elýeterli bolar. Olar öň bar bolan ölçeg hatarynyň (5-13) üstüni ýetirer we baha taýdan hem öňki modeller bilen deň bolar. Täze ölçegler satuwa Galaxy Ring-iň eýýäm bar bolan sebitlerinde 7-nji fewrala çenli peýda bolar.


Şeýle-de, kompaniýa satuw çägini giňeldýär. Akylly ýüzük indi ýene 15 ýurtda, şol sanda Kipr, Çehiýa, Gresiýa, Wengriýa, Ysraýyl, Ýaponiýa, Täze Zelandiýa, Singapur ýaly ýurtlarda elýeterli bolar. Şeýlelikde, Galaxy Ring-iň satylýan ýurtlarynyň umumy sany 53-e ýeter.
Mundan başga-da, gurluş Samsung Health programmasynda täze funksiýalara eýe bolar. Olaryň arasynda uky şertleri barada hasabat, uky wagty barada maslahatlar, meditasiýa we dem alyş maşklary arkaly stress derejesini, dem alşy we şähdi sazlamaga kömek edýän treker bar. Bu funksiýalar ukynyň hilini we ulanyjynyň umumy ýagdaýyny gowulandyrmaga gönükdirilendir.


11.04.2026 14:59
8k+

Dünýäde iň geçginli smartfonlaryň 10-lugyna birbada 5 sany iPhone girdi

2025-nji ýylyň dördünji çärýeginde dünýäde iň köp satylan 10 modeliň arasynda iPhone smartfonlary bäş orny eýeledi. Muňa Counterpoint Research kompaniýasynyň maglumatlary şaýatlyk edýär....

11.04.2026 10:19
3.3k+

Samsung her dördünji ýewropalynyň iliň telefonyna jyklaýandygyny anyklady

Samsung tarapyndan geçirilen barlaga we Delfi agentliginiň berýän maglumatyna görä, Ýewropanyň ýaşaýjylarynyň ýarysyndan gowragy (56%) jemgyýetçilik ýerlerinde iliň telefonynyň ekranyna seredendiklerini boýun......

23.03.2026 00:03
5.8k+

Samsung Galaxy S26 Ultra-ny yzyna gaýtarmakdan ýüz öwrenlere 250 dollara çenli pul hödürleýär

«Samsung Galaxy S26 Ultra smartfonlaryny ulanýanlar kompaniýanyň enjamy yzyna gaýtarmakdan ýüz öwren ýagdaýynda, olara 250 dollara çenli öwez puly berilýär» diýip WCCFTech neşiri ýazýar. Ulanyjylaryň aýtmagyna görä, şeýle teklibi smartfon barada şikaýat ýa-da satyn alnan önümden närazylyk bilen kömek gullugyna ýüz tutanyňdan soň alyp bolýar...

24.02.2026 09:33
1.5k+

Samsung Galaxy S26 smartfonlaryna Perplexity emeli aň agentini goşar

Samsung geljekki Galaxy S26 smartfonlar hatarynda Galaxy AI ulgamynyň mümkinçiliklerini giňeldýär. Platformanyň täzelenen görnüşine Perplexity emeli aň (EA) agenti goşular. Öndüriji bu barada Galaxy Unpacked tanyşdyrylyşyndan birnäçe gün öň habar berdi...