Samsung Galaxy S25 seriýasynyň bahalary we tanyşdyrylyş suratlary syzdyryldy

  • 16.01.2025 11:26
  • 9.7k+

Öňümizdäki hepde, 22-nji ýanwarda geçiriljek “Samsung Galaxy Unpacked” çäresiniň öň ýanynda, Galaxy S25 seriýasy bilen bagly möhüm maglumatlar ýaýrady. Syzdyrylan maglumatlara görä, täze nesil smartfonlaryň bahalary 2024-nji ýylky modellere garanyňda, ortaça 40 dollar ýokary bolar.

Bahalaryň ýokarlanmagy bolsa täze Snapdragon 8 Elite prosessorlarynyň ulanylmagy bilen baglanyşdyrylýar. Bu prosessor häzirki wagtda iň gymmat we iň güýçli mobil prosessorlaryň biri hasaplanýar.
Täze telefonlaryň takyk bahalary Wýetnam bazary üçin şeýle beýan edilýär:

  • Galaxy S25 (256 GB): 23 990 000 dong (takmynan 945 dollar);
  • Galaxy S25 (512 GB): 27 490 000 dong (takmynan 1083 dollar);
  • Galaxy S25 Plus (256 GB): 27 990 000 dong (takmynan 1103 dollar);
  • Galaxy S25 Plus (512 GB): 31 450 000 dong (takmynan 1239 dollar);
  • Galaxy S25 Ultra (256 GB): 34 990 000 dong (takmynan 1378 dollar);
  • Galaxy S25 Ultra (512 GB): 38 490 000 dong (takmynan 1516 dollar);
  • Galaxy S25 Ultra (1 TB): 45 790 000 dong (takmynan 1804 dollar).

Şeýle hem meşhur insaýder Ewan Bless Samsung Galaxy S25 seriýasyna degişli tanyşdyryş suratlaryny köpçülige ýetirdi. Suratlarda Galaxy S25, Galaxy S25+ we Galaxy S25 Ultra modelleriniň daşky keşbi aýdyň görkezilýär. Bu suratlarda telefonlaryň inçe çarçuwaly ekranlaryny, kamera bloklarynyň ýerleşiş tertibini, S Pen stilusynyň (elektron galamynyň) gurluşyny we täze tanyşdyrylan “Galaxy AI” atly emeli aň ulgamyny görmek bolýar.

Täze maglumatlara görä, stilusyň Bluetooth moduly aýrylar. Şeýle-de suratlardan, Galaxy S25+ modeliniň dizaýn taýdan öňki Galaxy S24+ modeline meňzeşdigini, Ultra modelinde bolsa özboluşly dizaýn aýratynlyklarynyň aradan aýrylandygyny görmek bolýar.


11.04.2026 14:59
8k+

Dünýäde iň geçginli smartfonlaryň 10-lugyna birbada 5 sany iPhone girdi

2025-nji ýylyň dördünji çärýeginde dünýäde iň köp satylan 10 modeliň arasynda iPhone smartfonlary bäş orny eýeledi. Muňa Counterpoint Research kompaniýasynyň maglumatlary şaýatlyk edýär....

11.04.2026 10:19
3.3k+

Samsung her dördünji ýewropalynyň iliň telefonyna jyklaýandygyny anyklady

Samsung tarapyndan geçirilen barlaga we Delfi agentliginiň berýän maglumatyna görä, Ýewropanyň ýaşaýjylarynyň ýarysyndan gowragy (56%) jemgyýetçilik ýerlerinde iliň telefonynyň ekranyna seredendiklerini boýun......

23.03.2026 00:03
5.8k+

Samsung Galaxy S26 Ultra-ny yzyna gaýtarmakdan ýüz öwrenlere 250 dollara çenli pul hödürleýär

«Samsung Galaxy S26 Ultra smartfonlaryny ulanýanlar kompaniýanyň enjamy yzyna gaýtarmakdan ýüz öwren ýagdaýynda, olara 250 dollara çenli öwez puly berilýär» diýip WCCFTech neşiri ýazýar. Ulanyjylaryň aýtmagyna görä, şeýle teklibi smartfon barada şikaýat ýa-da satyn alnan önümden närazylyk bilen kömek gullugyna ýüz tutanyňdan soň alyp bolýar...

24.02.2026 09:33
1.5k+

Samsung Galaxy S26 smartfonlaryna Perplexity emeli aň agentini goşar

Samsung geljekki Galaxy S26 smartfonlar hatarynda Galaxy AI ulgamynyň mümkinçiliklerini giňeldýär. Platformanyň täzelenen görnüşine Perplexity emeli aň (EA) agenti goşular. Öndüriji bu barada Galaxy Unpacked tanyşdyrylyşyndan birnäçe gün öň habar berdi...