Bob Dilanyň iň meşhur aýdymlarynyň biriniň garalamasy auksionda 400-600 müň dollara satylar

  • 15.01.2025 15:29
  • 6.5k+

Bob Dilanyň iň meşhur aýdymlarynyň biri bolan “Mr. Tambourine Man” aýdymynyň garalamasy Julien’s Auctions-a çykarylar. Auksion öýi çap golýazmasynyň 400-600 müň dollara satylmagyna garaşýar diýip, The Guardian neşiri habar berýär.

Aýdymyň garalama kagyzlary 60 ýyl töweregi žurnalist El Aronowisiň arhiwinde saklandy. 1964-nji ýylyň mart aýynda Dilan Nýu-Jerside žurnalistiň öýünde galan wagty tekst düzüp, ony ykjam ýazuw maşynkasynda ýazdy.
Şol wagt sazanda söýgüli gyzy Sýuzi Rotolo bilen aýralykdan ejir çekýärdi. Ýoldaşy Aronowisiň öýi bolsa onuň üçin gaçybatalga ýaly boldy.
Žurnalist “Mr. Tambourine Man” aýdymynyň düýrlenen garalamalaryny zibil bedresinde tapdy. Kagyzlarda sazandanyň pikirini we onuň her bir sözi näderede oýlanyşykly saýlaýandygyny görkezýän köp sanly düzedişler bar.
2005-nji ýylda Aronowis aradan çykandan soň onuň arhiwi Dilanyň garalamalary bilen birlikde çagalaryna geçdi. Ýöne uzak wagtlap çap golýazmasy tapylmady. Žurnalistiň ogly Maýls Aronowis kagyzly, suratly we audiokassetaly 250 gutyny öwrenmek üçin üç ýyl sarp etdi. Geçen ýyl oňa aýdymyň tekstini tapmak başartdy.
Garalamalar bilen birlikde auksiona Aronowisiň arhiwinden ýene 50 predmet, şol sanda 1968-nji ýylda Dilan tarapyndan çekilen surat we onuň 1963-nji ýyldaky ilkinji uly çykyşynyň afişasy çykarylar.

şu gün 11:22
1.7k+

Türki döwletler 34 harpdan ybarat elipbiýi ornaşdyrmagy ara alyp maslahatlaşýarlar

Astana şäherinde Türk akademiýasy tarapyndan gurnalan Umumy türk elipbiýi komissiýasynyň dördünji mejlisi geçirildi. Altyn Orda neşiriniň habar bermegine görä, duşuşyga gatnaşyjylar esasan 34 harpdan ybarat......

şu gün 11:08
1.1k+

«Ýura eýýamynyň dünýäsi: Hökmürowanlyk» taryhda iň çykdajyly film diýlip ykrar edildi

«Ýura eýýamynyň dünýäsi: Hökmürowanlyk» (Мир Юрского периода: Господство) filmi taryhda iň gymmat düşen kino taslamasy diýlip yglan edildi. «Fortune» neşiriniň maglumatlaryna görä, Universal Pictures......

şu gün 10:10
1.5k+

Zergär Göwher Nuryýewa Buharada geçen halkara festiwalyň Kubogyna mynasyp boldy

Türkmen zergäri, Suratkeşler birleşiginiň agzasy Göwher Nuryýewa Altyn sapak we zergärçilik hünäri III halkara festiwalynda üçünji orny eýeledi. Bu çäre 15—17-nji maý aralygynda Buhara (Özbegistan) şäherinde......

şu gün 08:15
1.3k+

BAE göreşe goşuldy: ýurtda 15 ýaşdan kiçilere sosial torlaryny ulanmak gadagan edildi

Birleşen Arap Emirlikleriniň (BAE) Hökümeti kämillik ýaşyna ýetmedikleriň sosial ulgamlaryny ulanmagyny düýpgöter çäklendirýän karary tassyklady. «Khaleej Times» neşiriniň habar bermegine görä, mundan beýläk......