2024-nji ýylda iň köp satylan telefon brendleri atlandyryldy: lider ýene-de üýtgewsiz galdy

  • 15.01.2025 15:16
  • 11k+

Iki ýyl dowam eden pese düşmeden soňra, dünýä boýunça smartfon bazary 2024-nji ýylda 4% ösüş görkezdi.
Counterpoint Research gözleg kompaniýasynyň maglumatlaryna görä, Hytaýyň Xiaomi kompaniýasy top-5 brendleriň arasynda iň ýokary ösüş depginini görkezdi. Samsung we Apple, degişlilikde birinji we ikinji orunlaryny saklap galdylar.

Çap edilen sanawa laýyklykda, brendler aşakda görkezilen bazar paýlaryna görä orunlary eýelediler:

  1. Samsung - 19% bazar paýy;
  2. Apple - 18% bazar paýy;
  3. Xiaomi - 14% bazar paýy;
  4. OPPO (OnePlus) - 8% bazar paýy;
  5. vivo - 8% bazar paýy;
  6. Beýleki brendler - 33% bazar paýy.

Belläp geçmeli zat, geçen ýylda satuw boýunça iň ýokary görkezijileri bahasy 1000 dollardan gymmat smartfonlar görkezdi.
Analitikleriň çaklamalaryna görä, 2025-nji ýylda smartfonlaryň satuwyndan gazanylýan peýda ýyllyk aňlatmada 8% ýokarlanar.


16.05.2026 11:20
3.9k+

Stiw Jobs hümmeti 1 dollar bolan täze teňňäniň ýüzi boldy

ABŞ-nyň Zikgehanasy Apple kompaniýasynyň esaslandyryjylarynyň biri Stiw Jobsa bagyşlanan, hümmeti 1 dollar bolan ýadygärlik teňňesini resmi taýdan satuwa çykardy. Bu teňňe barada geçen ýyl yglan edilipdi....

12.05.2026 14:43
7.7k+

Dua Lipa öz suratynyň TW gutularynda ulanylandygy üçin Samsung-dan $15 mln talap etdi

Aýdymçy Dua Lipa Samsung kompaniýasynyň üstünden kazyýete şikaýat edip, öz suratynyň rugsatsyz telewizor gutularynda ulanylandygy üçin azyndan 15 million dollar möçberinde öwez tölegini talap etdi....

07.05.2026 21:13
3k+

Apple “akylly” Siri-ni gijikdirendigi üçin iPhone 16 we iPhone 15 Pro-nyň eýelerine 250 million dollar tölär

Apple kompaniýasy Siri ses kömekçisiniň emeli aň (AI) funksiýalary bilen enjamlaşdyrylan täze görnüşiniň gijikdirilmegi zerarly ABŞ-da gozgalan köpçülikleýin kazyýet işini ýatyrmak üçin 250 million dollar......

11.04.2026 14:59
8k+

Dünýäde iň geçginli smartfonlaryň 10-lugyna birbada 5 sany iPhone girdi

2025-nji ýylyň dördünji çärýeginde dünýäde iň köp satylan 10 modeliň arasynda iPhone smartfonlary bäş orny eýeledi. Muňa Counterpoint Research kompaniýasynyň maglumatlary şaýatlyk edýär....