Şazada Uilýam Britaniýanyň şa maşgalasynyň iň barly agzasy boldy

  • 15.01.2025 11:55
  • 6.1k+

Şazada Uilýam Britaniýanyň şa maşgalasynyň iň baý agzasy boldy. Times neşiriniň maglumatlaryna görä, patyşa Karlyň uly oglunyň baýlygy, takmynan, 1,05 mlrd funt sterlinge barabar.

Şazadanyň esasy girdeji çeşmesi 1,3 mlrd funt bilen bahalandyrylýan Kornuoll gersoglygydyr. Bu emläk oňa her ýyl 24 mln funt sterling möçberinde girdeji getirýär we ony şazada salgyt tölemezden ulanyp bilýär.
Mundan başga-da, Uilýam ejesi, şa gyzy Dianadan, takmynan, 10 mln funt we garry enesi, şa aýaly-eneden 7 mln funt miras aldy.
Patyşa Karlyň baýlygy 900 mln funt sterlinge barabar. Ol 2023/2024-nji ýylda ýyllyk girdejisi 27 mln funt bolan Lankaster gersoglygyny dolandyrýar.
Şa maşgalasynyň beýleki agzalary Uilýamdan baýlygy boýunça esli yza galýar. Patyşa Karlyň kiçi uýasy – şa gyzy Annanyň aktiwleri 50 mln funta barabar. Şazada Garri bilen Megan Marklyň bilelikdäki baýlygy Netflix, Spotify we kitap neşirýatlary bilen uly şertnamalara garamazdan, takmynan, 20 mln funta ýetýär.


22.06.2026 16:15
4.2k+

Beýik Britaniýanyň premýer-ministri Kir Starmer tiz wagtdan wezipesinden çekiler

Beýik Britaniýanyň premýer-ministri Kir Starmer Leýboristik partiýanyň lideri wezipesinden gitmekçidigini mälim etdi we özüniň deregine täze ýolbaşçy saýlanýança hökümete baştutanlyk etmegini dowam......

22.05.2026 14:19
2.1k+

BMG dünýä ykdysadyýetiniň haýallap, inflýasiýanyň ýokarlanjakdygyny çaklaýar

Birleşen Milletler Guramasy geosyýasy gapma-garşylyklar, inflýasiýanyň artmagy we global näbellilikler sebäpli, 2026-njy ýylda dünýä ykdysadyýetiniň ösüşiniň haýallajakdygyny çaklady....

14.03.2026 15:33
3.3k+

Beýik Britaniýa asylzadalaryň parlamentde miras boýunça orun almak düzgünini ýatyrdy

Beýik Britaniýanyň parlamenti mirasdar perleriň (asylzadalaryň) Lordlar palatasynda oturmak hukugyny ýatyrýan kanun taslamasyny tassyklady. Bu karar mundan 25 ýyl ozal başlanan parlament reformasyny doly tamamlaýar...

27.02.2026 18:42
5.1k+

Raşid Meredow «Türkmenistan – Birleşen Patyşalyk Medeni Dialogy» atly täze görnüşi döretmegi teklip etdi

2026-njy ýylyň 26-njy fewralynda Londonda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredowyň Beýik Britaniýanyň Daşary işler, Arkalaşygyň işleri we ösüş boýunça ministri Iwett Kuper bilen ikitaraplaýyn duşuşygy geçirildi...