Oppo dünýäde iň inçe eplenýän smartfony mahabatlandyrýar: ol galamdan iki esse inçe bolar

  • 16.01.2025 10:27
  • 3.3k+

Oppo kompaniýasy 2023-nji ýylda çykan Oppo Find N3 smartfonynyň yzyny dowam etdirjek Find N5 eplenýän smartfonynyň anonsyna taýýarlanýar we onuň çäkerinde mahabat kampaniýasya başlady. Täze smartfonyň anonsynyň fewral aýynda bolmagyna garaşylýar.

Kompaniýanyň baş müdiri Pit Lau Weibo sosial ulgamyndaky sahypasynda smartfonyň esasy aýratynlygy boljak inçe korpusyny görkezýän suraty ýerleşdirdi. Onuň bellemegine görä, Find N5 bazarda iň inçe eplenýän flagman smartfony bolar.
Gürrüňlere görä, Find N5 açylan ýagdaýynda 3,5-4 mm ýogynlyga eýe bolar. Find N3-üň ýogynlygy açylan görnüşde 5,8 mm, ýygnalan görnüşde 11,7 mm barabar. Häzirki wagtda iň inçe eplenýän smartfon Honor Magic V3 bolup, onuň ýogynlygy açylan görnüşde 4,35 mm deň. Mahabat suratynda täze smartfonyň, adatça, 7 diametr bilen taýýarlanýan galamdan iki esse diýen ýaly inçedigi görünýär.
Oppo Find seriýaly önümler boýunça menejer Çžou Ibao hem Find N5-iň titan erginden ýasalan şarnire eýe boljakdygyny habar berdi.
Smartfon dünýä bazaryna OnePlus Open 2 ady bilen çykar. Soňky maglumatlara görä, Oppo Find N5 smartfony Qualcomm Snapdragon 8 Elite çipseti, 50 Mp sensorly üç kamera, 5900 mA/sag sygymly akkumulýator bilen üpjün edildi, smartfon 80 Wt kuwwatly simli we 50 Wt simsiz zarýad berşi goldaýar.

şu gün 11:22
1.7k+

Türki döwletler 34 harpdan ybarat elipbiýi ornaşdyrmagy ara alyp maslahatlaşýarlar

Astana şäherinde Türk akademiýasy tarapyndan gurnalan Umumy türk elipbiýi komissiýasynyň dördünji mejlisi geçirildi. Altyn Orda neşiriniň habar bermegine görä, duşuşyga gatnaşyjylar esasan 34 harpdan ybarat......

şu gün 11:08
1.1k+

«Ýura eýýamynyň dünýäsi: Hökmürowanlyk» taryhda iň çykdajyly film diýlip ykrar edildi

«Ýura eýýamynyň dünýäsi: Hökmürowanlyk» (Мир Юрского периода: Господство) filmi taryhda iň gymmat düşen kino taslamasy diýlip yglan edildi. «Fortune» neşiriniň maglumatlaryna görä, Universal Pictures......

şu gün 10:10
1.5k+

Zergär Göwher Nuryýewa Buharada geçen halkara festiwalyň Kubogyna mynasyp boldy

Türkmen zergäri, Suratkeşler birleşiginiň agzasy Göwher Nuryýewa Altyn sapak we zergärçilik hünäri III halkara festiwalynda üçünji orny eýeledi. Bu çäre 15—17-nji maý aralygynda Buhara (Özbegistan) şäherinde......

şu gün 08:15
1.3k+

BAE göreşe goşuldy: ýurtda 15 ýaşdan kiçilere sosial torlaryny ulanmak gadagan edildi

Birleşen Arap Emirlikleriniň (BAE) Hökümeti kämillik ýaşyna ýetmedikleriň sosial ulgamlaryny ulanmagyny düýpgöter çäklendirýän karary tassyklady. «Khaleej Times» neşiriniň habar bermegine görä, mundan beýläk......