Samsung ulanylan smartfonlaryny yzyna satyn alyp başlady

  • 14.01.2025 14:12
  • 9k+

Samsung kompaniýasy ulanylan Galaxy smartfonlaryny yzyna satyn alyp başlady. “Galaxy Easy Compensation” atly bu programma Günorta Koreýada şu gün işe giriziler we ýakyn wagtda beýleki ýurtlarda hem elýeterli bolar diýip, Neowin neşiri habar berýär.

Programmanyň esasy maksady elektron galyndylaryň azaldylmagy we olaryň gaýtadan işlenmegidir.

“Biz bu programmanyň Galaxy önümleriniň uzak möhletleýin gymmatlygyny ýokarlandyrmagyna we aýlawly ykdysadyýetiň ösüşine goşant goşmagyna garaşýarys” diýip, Samsung kompaniýasynyň wekili Çon Ho-jin aýtdy.

Indi köne Galaxy telefonlarynyň eýeleri täze telefon satyn almagy meýilleşdirmeseler-de, öz enjamlaryny aňsatlyk bilen satyp bilerler. Kabul edilýän modelleriň sanawyna Galaxy S23, S22, S21, S20, Z Fold5, Z Fold4, Z Fold3, Z Flip5, Z Flip4 we Z Flip3 girýär. Kabul edilýän modelleriň sanawy ýurda baglylykda üýtgäp biler.
Enjamy satmak üçin Samsung.com sahypasyna girip, “Galaxy Easy Compensation” bölüminde onuň bahasyny kesgitläp, görkezmelere laýyklykda smartfony kurýer gullugy arkaly ibermeli bolar. Samsung enjamyň ýagdaýyna görä (“Ajaýyp”, “Gowy” ýa-da "Gaýtadan işlemeli"), bahany hödürlär.


12.05.2026 14:43
7.8k+

Dua Lipa öz suratynyň TW gutularynda ulanylandygy üçin Samsung-dan $15 mln talap etdi

Aýdymçy Dua Lipa Samsung kompaniýasynyň üstünden kazyýete şikaýat edip, öz suratynyň rugsatsyz telewizor gutularynda ulanylandygy üçin azyndan 15 million dollar möçberinde öwez tölegini talap etdi....

11.04.2026 14:59
8.1k+

Dünýäde iň geçginli smartfonlaryň 10-lugyna birbada 5 sany iPhone girdi

2025-nji ýylyň dördünji çärýeginde dünýäde iň köp satylan 10 modeliň arasynda iPhone smartfonlary bäş orny eýeledi. Muňa Counterpoint Research kompaniýasynyň maglumatlary şaýatlyk edýär....

11.04.2026 10:19
3.3k+

Samsung her dördünji ýewropalynyň iliň telefonyna jyklaýandygyny anyklady

Samsung tarapyndan geçirilen barlaga we Delfi agentliginiň berýän maglumatyna görä, Ýewropanyň ýaşaýjylarynyň ýarysyndan gowragy (56%) jemgyýetçilik ýerlerinde iliň telefonynyň ekranyna seredendiklerini boýun......

23.03.2026 00:03
5.8k+

Samsung Galaxy S26 Ultra-ny yzyna gaýtarmakdan ýüz öwrenlere 250 dollara çenli pul hödürleýär

«Samsung Galaxy S26 Ultra smartfonlaryny ulanýanlar kompaniýanyň enjamy yzyna gaýtarmakdan ýüz öwren ýagdaýynda, olara 250 dollara çenli öwez puly berilýär» diýip WCCFTech neşiri ýazýar. Ulanyjylaryň aýtmagyna görä, şeýle teklibi smartfon barada şikaýat ýa-da satyn alnan önümden närazylyk bilen kömek gullugyna ýüz tutanyňdan soň alyp bolýar...