Sony oýunlardaky “ysy” duýmaga mümkinçilik berýän tehnologiýany tanyşdyrdy

  • 14.01.2025 13:57
  • 3.2k+

Sony korporasiýasy CES 2025 sergisinde oýun dünýäsine doly aralaşmaga mümkinçilik berýän täze Future Immersive Entertainment Concept (FIEC) tehnologiýasyny tanyşdyrdy. Bu tehnologiýa oýunçylara diňe görmek we eşitmek bilen çäklenmän, eýsem oýunlardaky obýektleriň, iýmitleriň, howanyň hem partlamalaryň ysyny almaga, şeýle-de olary ellemäge we duýmaga mümkinçilik berýär.

FIEC – bu oýun otagy bolup, onuň diwarlary Sony Crystal atly LED paneller bilen örtülendir. Gurluşa goşulan ses, titreme we ys çykaryjy ulgamlar oýunçylara özlerini oýnuň içinde ýaly duýmaga mümkinçilik berýär.
Tehnologiýanyň tanyşdyrylyş wagty, myhmanlara ony The Last of Us atly oýun arkaly synap görmäge mümkinçilik berildi. Oýunçylar ekranlarda görünýän hakykata ýakyn gurşaw bilen bir hatarda, tüssäniň we ösümlikleriň yslaryny duýup, hatda ýaraglary simulýasiýa etmegi hem başardylar.
Bilermenler bu tehnologiýanyň aşa çylşyrymlydygy we gymmat bahalydygy sebäpli, onuň häzirlikçe diňe konsept derejesinde galjakdygy barada aýdýarlar. Şeýle-de bolsa, Sony beýleki meşhur franşizalarda, mysal üçin, God of War we Horizon ýaly oýunlarda bu tehnologiýanyň mümkinçiliklerini görkezmek üçin taslamanyň üstünde işlemäge dowam etjekdikleri barada belläp geçdi.


düýn 18:51
3.2k+

Täze Honor X80 Pro Max smartfony çykyp-çykmanka Ginnesiň rekordlar kitabyna girdi

Honor kompaniýasy sygymy 11 000 mA/sag bolan akkumulýator bilen üpjün edilen X80 Pro Max smartfonyny resmi taýdan hödürledi. Şeýle uly göwrümli batareýasy sebäpli, gurluş entek çykyp ýetişmänkä «smartfonyň......

20.06.2026 09:37
2.1k+

99,9% takyklyk: «Helios» kwant kompýuteri täze dünýä rekordyny goýdy

Sandia kompaniýasynyň amerikan hünärmenleri 98 kwbitlik täze «Helios» kwant kompýuterini görkezdiler. Enjam bazarda elýeterli bolan ähli täjirçilik gurluşlarynyň arasynda hasaplamalaryň takyklygy boýunça......

19.06.2026 22:31
6.4k+

Gobi çölünde 45°C yssyda 17 sagat: Honor X80 Pro Max üýtgeşik synagdan geçirildi

Resmi premýeranyň öň ýanynda täze Honor X80 Pro Max smartfony çydamlylyk boýunça üýtgeşik synagdan geçirildi. Synaglary Gobi çölüniň töwereginde işleýän kosmos pudagynyň inženerleri geçirdi....

19.06.2026 18:36
1k+

ABŞ-nyň hökümeti Anthropic-iň iki EA modeliniň işini gadagan etdi

Anthropic kompaniýasy ABŞ-nyň häkimiýetlerinden daşary ýurt raýatlarynyň bu ulgamlary ulanmagyny çäklendirýän görkezmäni alandan soň, Fable 5 we Mythos 5 modellerine elýeterliligi bes edendigini habar berdi....