Hytaý 2024-nji ýylda ulanylan awtoulagyň rekord möçberini eksport etdi

  • 14.01.2025 12:07
  • 7.3k+

Hytaý 2024-nji ýylda beýleki ýurtlara 400 müň ulanylan awtoulag eksport etdi. Bu san häzirki wagta çenli ýetilen iň ýokary görkeziji boldy. Nikkei ýapon neşiriniň umumylaşdyrylan maglumatlaryna görä, bu görkeziji geçen ýyl bilen deňeşdirilende 45% ýokarydyr.

Hytaýyň ulanylan awtoulaglarynyň esasy alyjylary Merkezi Aziýa ýurtlary we Russiýa Federasiýasy boldy. Eksportyň 50%-i Gyrgyzystan, Russiýa Federasiýasyna we Özbegistana edildi.
Bilermenleriň bellemegine görä, ulanylan awtoulaglaryň eksportynyň artmagy, Hytaýdan gelen täze awtoulaglaryň meşhurlygynyň ýokarlanmagy bilen baglanyşyklydyr. 2023-nji ýylda Hytaý täze awtoulaglaryň eksporty boýunça dünýäde lider bolup, Ýaponiýadan öňe geçipdi. Şol ýyl Hytaý daşary ýurt döwletlerine 4,91 million awtoulag eksport edip — bu görkeziji, ondan öňki ýyl bilen deňeşdirilende 57,9% ýokarlanypdy.
Täze awtoulaglaryň eksportynyň üstünlikli bolmagy, ulanylan awtoulaglara bolan islegiň hem ýokarlanmagyna itergi berýär diýip, Nikkei neşiri belläp geçýär.


düýn 08:16
2.5k+

Toyota ekranlardaky näsazlyk sebäpli Hytaýda 9 müňden gowrak Land Cruiser Prado ulagyny yzyna çagyrýar

«FAW-Toyota» bilelikdäki kärhanasy Hytaýda ýerli önümçilikdäki «Land Cruiser 250 (Prado)» wnedorožnikleri üçin yzyna çagyryş kampaniýasynyň başlanandygyny yglan etdi. Hytaýa import edilýän meňzeş platformaly......

16.06.2026 07:52
4.3k+

BYD ulagyň aşagyndaky haýwanlary kesgitleýän ulgamyň patentini aldy

BYD hytaý kompaniýasy ulagyň aşagyndaky haýwanlary ýüze çykarmaga ukyply ulgamyň patentini aldy. ITHome neşiriniň ýazmagyna görä, bu tehnologiýa hereket başlanmazdan ozal we simsiz zarýad beriş ulgamy ulanylan......

13.06.2026 09:36
3.6k+

Toyota-nyň Hytaýdaky satuwy üçden bir essä golaý azaldy

2026-njy ýylyň maý aýynyň jemleri boýunça "Toyota-nyň" Hytaýdaky satuwy 102,3 müň ulaga deň boldy, bu bolsa geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende 31,7% azdyr....

21.05.2026 11:31
6.2k+

Kaşaň hytaý sedany Rolls-Royce-yň ýarty bahasy bilen oňa bäsdeşlik eder

Huawei we JAC kompaniýalaryna degişli bolan Maextro brendi özüniň flagman sedanynyň hakyky altyn çaýylan we ýörite dizaýnly Maextro S800 Grand Design atly aýratyn görnüşini tanyşdyrdy....