Oort buludyndan gelen kometa Güne golaýlady: bu hadysa 160 müň ýyldan bir gezek gaýtalanýar

  • 13.01.2025 17:34
  • 8.4k+

Şu gün 2024 G3 (ATLAS) atly kometa Güne iň ýakyn uzaklykdan geçer. Ol perigeliý nokadyna ýeter we Günden bary-ýogy 14 million kilometr uzaklykda geçer. Şol bir wagtda ol kometa Ýerden 140 million kilometr uzaklykda bolar diýip, Space.com ýazýar.

Eger bu kometa Güne golaýlanda dargamasa, ony Ýerden hem görüp bolar diýip, alymlar çaklaýarlar.
Bu kometa, buzly asman jisimlerinden ybarat, Günden 16 trillion kilometr uzaklykda ýerleşýän Oort buludyndan geldi. Hasaplamalar onuň ýapyk orbita eýedigini we Günüň daşyndan 160 müň ýyldan bir gezek aýlanýandygyny görkezýär. Bu kometanyň ozal hem Gün ulgamynyň içinden geçendigi çaklanylýar.
Astronomlar onuň Ýupiter ýa-da Wenera ýaly ýagtylykda bolup biljekdigini belleýärler. Bu kometany görmek örän kyn. Güne golaýdygy sebäpli, diňe daňdan ýa-da gün ýaşanda, diňe belli ýarym şarlardan görlüp bilner.


Alymlar kometanyň häzirki ýagdaýy boýunça aladalanýarlar. Sebäbi, içki gurluşynyň dargap başlandygyny görkezýän alamatlar bar. 2-nji ýanwarda kometada, ähtimal, şol dargama bilen baglanyşykly partlama bellige alyndy. Şeýle-de bolsa, bu jisim häzirki wagtda ýagtylygyny we bitinligini saklaýar.
Bu kometa 2024-nji ýylyň aprelinde ATLAS ulgamy arkaly, Ýerden 655 million kilometr uzaklykda tapyldy. Şeýle wakalar örän seýrek duş gelýär.


11.05.2026 11:37
4.2k+

El-Ninýo sebäpli Dünýä ummanynyň temperaturasy taryhy rekorda golaýlaýar

Howa şertleri El-Ninýo tebigy hadysasynyň işjeň fazasyna geçýärkä, dünýä ummanlary täze temperatura rekordlaryny goýmagyň bosagasynda dur....

18.04.2026 23:36
4k+

2026-njy ýylyň maýynda seýrek duş gelýän goşa dolan Aý hadysasy bolar

2026-njy ýylyň maý aýynda Ýeriň ýaşaýjylary seýrek duş gelýän hadysany — bir aýyň dowamynda iki gezek dolan Aýyň emele gelmegini synlap biler. Bu barada K.E.Siolkowskiý adyndaky Döwlet kosmonawtika taryhy......

22.03.2026 16:34
4.2k+

Mart aýynyň ahyrynda iki meteor akymyny synlamak bolar

2026-njy ýylyň mart aýynyň ahyrynda Ýeriň ýaşaýjylary iki meteor ýagşyny — Gamma Normidleri we Eta Wirginidleri synlap bilerler. Birinjisi 28-nji marta çenli, ikinjisi bolsa 25-nji marta çenli işjeň bolar. Aýyň ýagtylygynyň gowşaklygy sebäpli olary arkaýyn synlap bolar...

21.03.2026 11:26
5.6k+

Gije bilen gündiziň deňleşen pursady: 20-nji martda Ýer ýaz paslyna «geçdi»

20-nji martda Türkmenistanyň wagty bilen takmynan sagat 19:46-da Ýer şary üçin kän bir bildirmeýän, ýöne planeta üçin düýpli ähmiýeti bolan pursat — ýazky gije-gündiz deňleşmesi boldy. Bu wagtda Gün asman ekwatoryny kesip geçýär we gije bilen gündiz deňleşýär: takmynan, 12 sagat gündiz we şonça sagat hem gije...