Stambul ýol dyknyşygy boýunça Nýu-Ýorkdan öňe geçdi: sürüjiler ýylda 105 sagat ýitirýär

  • 13.01.2025 17:06
  • 14k+

2024-nji ýylda Stambul iň köp hereketli şäherleriň reýtinginde Nýu-Ýorkdan (102 sagat) we Çikagodan (102 sagat) öňe geçip, birinji orny eýeledi. INRIX analitiki merkeziniň maglumatlaryna görä, türk şäherinde sürüjiler ýylda 105 sagady dyknyşykda geçirdi, bu bolsa bir ýyl ozalkydan 15% köpdür.

Antireýtingiň ilkinji bäşligine London (101 sagat) we Mehiko (97 sagat) hem girdi. Global reýtinge garamazdan, London yzygider ikinji ýyl Ýewropanyň aşa hereketli şäheri adyny saklaýar. Sanaw 950 şäheri öz içine alýar we hünärmenler diňe bir wagt ýitgisini däl, eýsem maliýe ýitgisini hem hasaplady.
Mysal üçin, ABŞ-da adaty sürüji dyknyşykda ortaça 43 sagat ýitirdi, bu bolsa doly bir iş hepdesine deňdir. Netijede, dyknyşyklar ýurtda umumy 74 mlrd dollar ýitgä sebäp boldy. Beýik Britaniýada we Germaniýada hem ýagdaý birmeňzeşräk, ýöne ýitgiler, degişlilikde, 7,8 mlrd funt we 3,6 mlrd ýewro boldy.
Şeýle meseleleri çözmek üçin Stambulyň häkimiýeti köp hereketli sebitlerde ýol tölegini girizmegi göz öňünde tutýar. Synag taslamasy Eminonýuda durmuşa geçiriler, geljekde bolsa ony beýleki sebitlere-de ýaýratmak meýilleşdirilýär. Şeýle-de, şäher howanyň hapalanmagyny azaltmak üçin zyňyndylaryň pes zolagyny girizer. Bu ulgam zyňyndy derejesi ýokary bolan ulaglardan goşmaça töleg almagy göz öňünde tutýar.
Öň, Nýu-Ýorkda Manhetteniň iň köp hereketli ýerleri üçin ýol tölegi girizildi. Empaýr-steý-bilding, Taýms-skwer we Uoll-strit ýaly şäheriň iň belli ýerlerine girýän sürüjiler indi hereketiň iň ýokary derejesinde 9 dollar, galan wagty 2,25 dollar tölär.


şu gün 00:57
2.7k+

ABŞ BMG-ä 1 mlrd dollardan gowrak ynsanperwer kömegini berdi

ABŞ-nyň Döwlet departamenti ynsanperwerlik maksatly, şeýle-de tebigi betbagtçylyklaryň netijelerini ýok etmek üçin 1 milliard dollardan gowrak serişdäniň bölünip berlendigini yglan etdi. Bu serişdeler BMG-niň......

19.06.2026 19:53
2.2k+

Google gurluşykçy we elektrik hünärleri okuwyna $50 mln gönükdirmekçi

Google kompaniýasy «Google.org» gaznasy arkaly ABŞ-nyň 20-den gowrak ştatynda işçi hünärleri boýunça okuw maksatnamalaryna 50 million dollar gönükdirer. Kompaniýa bu taslamanyň çäginde 300 müňden gowrak......

15.06.2026 12:34
1.6k+

Paramount-yň Warner Bros.Discovery-ny satyn almagyna ýene bir böwet aradan aýryldy

ABŞ-nyň Adalat ministrligi Paramount Skydance kompaniýasy tarapyndan Warner Bros. Discovery-ny satyn almak boýunça 111 milliard dollarlyk şertnamany makullady....

13.06.2026 09:33
10k+

Eger ABŞ DÇ-2026-da ýeňiji bolsa, Jeep 100 sany wnedorožnigi sowgat berer. Emma birje ýönesi bar...

Amerikanyň Jeep brendi Futbol boýunça dünýä çempionatynyň şanyna adaty bolmadyk watançylyk mahabat kampaniýasyny başlady. Kompaniýa eger ABŞ-nyň topary çempionatda ýeňiş gazansa, 100 sany Jeep Wrangler......