Demirgazyk şöhlelerindäki täsin ak tegmillere ilkinji gezek düşündiriş berildi

  • 13.01.2025 11:55
  • 3.3k+

Kanadanyň Kalgari uniwersitetiniň alymlary demirgazyk şöhlesiniň (aurora borealis) görünýän wagty, onuň arasynda käwagt peýda bolýan täsin ak-kül reňk tegmillere ilkinji gezek düşündiriş berdiler. Bu barlagyň netijeleri, Nature Communications ylmy žurnalynda çap edildi.

Adaty bolmadyk bu hadysa, ýaşyl we gyzyl polýar şöhleleriniň ortasynda ak reňkli, bir gurluşly tegelek meýdan şeklinde emele gelýär. Alymlaryň bellemegine görä, bu hadysa beýleki ylmy makalalarda hem agzalyp geçilipdir, emma onuň gelip çykyşy düşündirilmändir.
Demirgazyk şöhlesindäki ak tegmiller kämil tehnologiýalar arkaly jikme-jik seljerilipdir. Bu tehnologiýalar gijeki asmany hakyky reňklerde suratlandyrmaga mümkinçilik beripdir.
Alymlar toparynyň netijelerine görä, polýar şöhlelerindäki ak tegmilleriň emele gelmegi, golaýda açylan "STEVE" hadysasyna meňzeş mehanizma eýedir.
STEVE näme? STEVE – bu gijeki asmanda müňlerçe kilometr uzalyp gidýän, ýagty, açyk gülgüne reňkli dar zolak ýaly görünýän optiki hadysadyr. Bu zolaklaryň Ýerden takmynan, 300 km beýiklikde hereket edýän gyzgyn gazlar sebäpli emele gelýändigini çaklaýarlar.
Alymlaryň aýtmagyna görä, STEVE we demirgazyk şöhlesindäki ak tegmiller birmeňzeş beýiklik spektrine eýe bolsa-da, biri-birinden aýratyn ýagdaýlarda emele gelýärler. Topar, bu hadysany “gurluşly üznüksiz şöhlelenme” diýip atlandyrdy.


düýn 10:53
1.7k+

Pagta süýjüsinden hem ýeňil: NASA aşa ýeňil bolan iki ekzoplanetany açdy

NASA-nyň TESS kosmos obserwatoriýasy ýerdäki teleskoplar bilen bilelikde dykyzlygy adatdan daşary pes bolan iki sany ekzoplanetany ýüze çykardy. Olar bir ulgamda ýerleşip, özara orbital täsirler arkaly......

düýn 09:54
4.1k+

Alymlar: ýaşlar häzirki wagtda öňkä garanyňda has çalt garraýar

Nature Medicine žurnalynda çap edilen täze gözleg häzirki ýaş nesliň özlerinden öňki nesillere garanyňda, şol bir ýaşda has ýokary biologiki ýaşda bolup biljekdigini görkezdi....

26.06.2026 23:37
4.2k+

Alymlar Ýerdäki iň gadymy krateriň ýaşyny takyklady

Kertin uniwersitetiniň we Günbatar Awstraliýanyň Geologik gullugynyň alymlary Ýerde mälim bolan iň gadymy krateriň ýaşynyň, takmynan, 3 milliard ýyla deňdigi baradaky netijä geldi. Bu ylmy işiň netijeleri......

26.06.2026 15:40
2k+

Jeýms Webb «GJ504b» ekzoplanetasynyň üýtgeşik gülgüne reňkiniň sebäbini düşündirdi

«Jeýms Webb» kosmos teleskopy Ýerden, takmynan, 57 ýagtylyk ýyly uzaklygynda ýerleşýän «GJ504b» ekzoplanetasynyň geň galdyryjy gülgüne reňke eýe bolmagynyň sebäbini anyklamaga kömek etdi....