Çaý kömeleginden tebigatda tiz ýitip gidýän polimer öndürildi

  • 13.01.2025 11:50
  • 3.8k+

Gonkong Hytaý uniwersitetiniň (CUHK) alymlary, plastik materiallaryň ornuny tutujy hökmünde, kombuçadan – ýagny çaý kömeleginden ýasalan içgiden, tebigatda ýitip gidýän polimeri öndürdiler. South China Morning Post habar gullugynyň berýän maglumatlaryna görä, bu täze material ekologiki taýdan arassa bolup, azyk önümlerinde we içgilerde ulanylýan plastik gaplamalaryň ornuna geçip biler.

Gonkong Hytaý uniwersitetiniň himiýa bölüminde işleýän topar bu polimeri döretmek üçin kombuçadan peýdalandylar. Sebäbi kombuça çaý bilen şekeriň bakteriýa we hamyrmaýa arkaly fermentlenmegi (glýukozanyň mikroorganizmler tarapyndan iýilip, organiki maddalara öwrülmegi) bilen ýasalýar. Bu bolsa täze materialyň açyk tebigatda, toprakda 3-5 aýyň dowamynda doly ýitip gitmegine ýol berýär.

“Biz bu täze materialy suwa we ýaglara çydamly edip bilýäris” diýip, Gonkong Hytaý uniwersitetiniň dekanynyň kömekçisi Ngai To belläp geçdi. “Ulanan zatlarymyzyň bahasy örän gymmat däl, sebäbi esasan çaý ýapraklary bilen şekerden peýdalandyk” diýip belledi.

Alymlar Hytaýda plastik materiallaryň ulanylyşyna girizilen çäklendirmeleriň, bu täze material üçin uly mümkinçilikleriň öňüni açýandygyny belleýärler.


düýn 10:53
1.7k+

Pagta süýjüsinden hem ýeňil: NASA aşa ýeňil bolan iki ekzoplanetany açdy

NASA-nyň TESS kosmos obserwatoriýasy ýerdäki teleskoplar bilen bilelikde dykyzlygy adatdan daşary pes bolan iki sany ekzoplanetany ýüze çykardy. Olar bir ulgamda ýerleşip, özara orbital täsirler arkaly......

düýn 09:54
4.1k+

Alymlar: ýaşlar häzirki wagtda öňkä garanyňda has çalt garraýar

Nature Medicine žurnalynda çap edilen täze gözleg häzirki ýaş nesliň özlerinden öňki nesillere garanyňda, şol bir ýaşda has ýokary biologiki ýaşda bolup biljekdigini görkezdi....

26.06.2026 23:37
4.2k+

Alymlar Ýerdäki iň gadymy krateriň ýaşyny takyklady

Kertin uniwersitetiniň we Günbatar Awstraliýanyň Geologik gullugynyň alymlary Ýerde mälim bolan iň gadymy krateriň ýaşynyň, takmynan, 3 milliard ýyla deňdigi baradaky netijä geldi. Bu ylmy işiň netijeleri......

26.06.2026 15:40
2k+

Jeýms Webb «GJ504b» ekzoplanetasynyň üýtgeşik gülgüne reňkiniň sebäbini düşündirdi

«Jeýms Webb» kosmos teleskopy Ýerden, takmynan, 57 ýagtylyk ýyly uzaklygynda ýerleşýän «GJ504b» ekzoplanetasynyň geň galdyryjy gülgüne reňke eýe bolmagynyň sebäbini anyklamaga kömek etdi....