Ýewropada “Ýylyň awtomobili” saýlandy

  • 13.01.2025 11:43
  • 5.4k+

Ženewada Ýewropanyň “Car of The Year” baýragynyň ýeňijilerini sylaglamak dabarasy geçirildi. Şu ýyl ýylyň awtomobilini saýlamaga dünýäniň 23 ýurdundan 60 sany emin agzasy gatnaşdy. Netijede, ýylyň iň gowy awtomobili Renault 5 hetçbegi boldy.

Model 353  bal alyp, Kia EV3 krossowerinden (291 bal) we Citroën C3-ëC3 elektromobilinden (215 bal) öňe geçdi. Bu awtomobiller, degişlilikde, ikinji we üçünji orunlary eýeledi.
Dördünji orunda 172 bal bilen Hyundai Inster ýerleşdi. Ilkinji bäşligi 168 bal gazanan täze Dacia Duster jemledi. Cupra Terramar we Alfa Romeo Junior bolsa, degişlilikde, 165 we 136 bal alyp, altynjy we ýedinji orunlary eýelediler.
Renault markasy üçin bu yzygider ikinji ýeňiş boldy. Ýatlap geçsek, 2024-nji ýylda ýeňiji Renault Scenic bolupdy. Şeýle üstünlik bäsleşigiň taryhynda ikinji gezek duşýar: öň Fiat awtomobilleri 1995-nji we 1996-njy ýyllarda yzygider iki ýyl ýeňiji boldular.
Belläp geçsek, bäsleşige hasabat ýyly satuwa çykan we azyndan bäş ýurtda elýeterli bolan täze awtomobiller gatnaşýar.


düýn 17:04
2.3k+

Ýewropada benzin we dizel ýangyçly awtoulaglaryň satuwy peselmegini dowam etdirýär

2026-njy ýylyň maý aýynda Ýewropa Bileleşiginiň ýurtlarynda, EFTA-da (Erkin söwda boýunça Ýewropa assosiasiýasy — Islandiýa, Lihtenşteýn, Norwegiýa we Şweýsariýa) hem-de Beýik Britaniýada 1,15 milliona golaý......

16.06.2026 09:57
6.1k+

Toyota Ýewropada Hilux modeliniň täze neslini tanyşdyrdy

Toyota kompaniýasy Ýewropada Hilux pikapynyň dokuzynjy neslini görkezdi. Bu model öňki rama gurluşyny we ýolsuz ýerlerde hereket etmek mmükinçiliklerini saklap galdy, ýöne doly täzelenen dizaýna, sanly......

04.06.2026 14:32
3.2k+

Toyota Yaris Cross täzelenenden soň Ýewropadaky bahalaryna hem täzeden seredildi

Toyota täzelenen Yaris Cross krossoweriniň Ýewropa bazary üçin bahasyny yglan etdi. Täzelenenden soň, esasy baha 200 ýewro arzanlady we indi 31 695 ýewrodan başlaýar....

04.03.2026 16:34
4.3k+

Meşhur Jeep öndürijisi taryhyndaky ilkinji ýyllyk zyýanyny mälim etdi

Stellantis awtoulag konserni öz taryhynda çeken ilkinji ýyllyk zyýany barada habar berdi. CNBC-niň habaryna görä, 2025-nji ýylyň netijeleri boýunça kompaniýa 26,3 milliard dollar zyýana galdy. Ýitginiň esasy sebäbi elektromobilleriň önümçiligine çalt depginde geçmek üçin gönükdirilen maýa goýumlarynyň hatardan çykmagy boldy...