Mask: AI öwrenip biljek ähli maglumatlaryny öwrendi, indi öz-özünden öwrenip biler

  • 13.01.2025 01:18
  • 10k+

Ilon Mask adamzadyň emeli aňa öwredip biljek ähli bilimlerini öwredip gutarandygyny aýtdy. Bu barada TechCrunch ýazýar.

“Biz AI-e adamyň toplan bilimlerini tutuşlygyna diýen ýaly öwredip gutardyk. "Bu aslynda geçen ýyl bolup geçdi" – diýip, ol Stagwell-iň başlygy Mark Pen bilen X platformasynda geçen göni ýaýlymdaky söhbetdeşliginde habar berdi.

Milliarder OpenAI-yň öňki baş ylmy işgäri Ilýa Suskeweriň NeurIPS konferensiýasynda “maglumatlaryň aňyrsyna çykylandygyny” we modeliň ösüşine täzeçe çemeleşmeleriň zerurdygyny belläp aýdan sözlerini tassyklady.
Mask tehnologiýalary mundan beýläk ösdürmekde sintetiki maglumatlary, ýagny AI modelleriniň özleri tarapyndan döredilen maglumatlary ulanmagy teklip etdi.

“Hakyky maglumatlaryň üstüni ýetirmegiň ýeke-täk usuly sintetiki maglumatlardyr, munda AI-niň özi öwrediji materiallary döredýär. Sintetiki maglumatlar bilen AI-niň özi özüni bahalandyrar we öz-özüne öwreder " – diýip, ol belledi.

Sintetiki maglumatlar eýýäm Microsoft, Meta, OpenAI we Anthropic ýaly iri kompaniýalar tarapyndan ulanylýar. Gartner-iň berýän maglumatlaryna görä , 2024-nji ýylda AI we seljeriş boýunça taslamalar üçin ulanylan maglumatlaryň 60% -i sintetiki döredilendir.
Sintetiki maglumatlar boýunça öwretmegiň birnäçe artykmaçlygy bar, öňi bilen - arzan düşýär. Şeýle-de bolsa, barlaglar AI-niň döredijiligi ýitip, esassyzlygy ýokarlanmak bilen, “modeliň çökmek” töwekgelçiliginiň bardygyny görkezýär. Bu döredilen maglumatlaryň hili we dürlüligi babatda pudak üçin kynçylyklary döredýär.


03.06.2026 15:15
3.4k+

Türkmenistanyň Gümrük gullugy «Bir penjire» ulgamyna emeli aňy girizdi

Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugy «Eksport-import amallary üçin bir penjire» web-portalyna (tradebridge.gov.tm) emeli aň tehnologiýasyny goşdy. Bu täze tehnologik mümkinçilik 2026-njy ýylyň 1-nji iýunyndan......

28.05.2026 09:06
3.2k+

OpenAI emeli aň howpsuzlygy boýunça barlagçy wezipesine adam gözleýär – zähmet haky ýylda 445 müň dollar

OpenAI kompaniýasy emeli aňyň howpsuzlygy boýunça barlagçy wezipesine ýylda 445 müň dollara çenli aýlyk hakly iş ornuny açdy....

18.05.2026 14:48
3.9k+

Tehasda ilkinji gezek maglumat merkezleriniň gurluşygyna wagtlaýyn gadagançylyk girizildi

Tehas ştatynyň Hill okrugynyň ygtyýarlylar geňeşi oba ýerlerinde maglumat merkezleriniň gurluşygyny bir ýyl möhlet bilen togtatmak baradaky karary goldap ses berdi. Bu karar ştatyň taryhynda şeýle görnüşdäki......

17.05.2026 19:53
2.9k+

Gazagystanda emeli aň sebäpli 400 müň iş orny gysgaldylar

Gazagystanyň Zähmet we ilaty durmuş taýdan goramak ministrliginiň birinji wise-ministri Ýerbol Tuýakbaýewiň senatda geçiren brifinginde beren beýanaty boýunça, ýurtda geljek 10 ýylyň içinde emeli aňyň......