Goodyear ýagşy, gary we buzy tanaýan "akylly” tekerleri görkezdi

  • 13.01.2025 01:05
  • 4.7k+

Goodyear kompaniýasy Las-Wegasda Consumer Electronics Show (CES) sergisinde SightLine tehnologiýaly “akylly” tekerlerini görkezdi. Ol ýoluň typançaklygyny tanamak we dessin tormoz ulgamynyň işleýşini gowulandyrmak arkaly çylşyrymly howa şertlerinde hereketiň howpsuzlygyny ýokarlandyrmaga ukyplydyr diýip, ITHome habar berýär.

Tehnologiýa Niderlandlaryň TNO garaşsyz barlag guramasy bilen bilelikde işlenip düzüldi.
Tekerler ýola sepleşmäniň derejesini kesgitleýän we maglumatlary sürüjä kömek ulgamyna geçirýän içerki datçikler bilen enjamlaşdyrylandyr. Bu awtomatiki dessin tormoz (AEB) ulgamyna ýoluň ýagyşly, garly ýa-da buzly pes sürtülme şertlerinde has ygtybarly tomoz tutmagyny üpjün etmäge mümkinçilik berýär.

"Bu tehnologiýa eýýäm bar we soňky birnäçe ýylda eden beýleki işlerimiziň dowamydyr" – diýip, Goodyear-iň global innowasiýalar boýunça wise-prezidenti Kris Helsel habar berdi.

Kompaniýanyň berýän maglumatlaryna görä, SightLine ulgamy sagatda 80 km-e çenli tizlikde çaknyşmagyň öňüni alyp biler we bu gury asfalt üçin optimallaşdyrylan adaty AEB-den has täsirli bolar.
Goodyear SightLine tekerleri we programma üpjünçiligini awtoulag öndürijilere howpsuzlyk ulgamyna goşumaça hökmünde hödürlemegi meýilleşdirýär.

şu gün 11:22
1.7k+

Türki döwletler 34 harpdan ybarat elipbiýi ornaşdyrmagy ara alyp maslahatlaşýarlar

Astana şäherinde Türk akademiýasy tarapyndan gurnalan Umumy türk elipbiýi komissiýasynyň dördünji mejlisi geçirildi. Altyn Orda neşiriniň habar bermegine görä, duşuşyga gatnaşyjylar esasan 34 harpdan ybarat......

şu gün 11:08
1.1k+

«Ýura eýýamynyň dünýäsi: Hökmürowanlyk» taryhda iň çykdajyly film diýlip ykrar edildi

«Ýura eýýamynyň dünýäsi: Hökmürowanlyk» (Мир Юрского периода: Господство) filmi taryhda iň gymmat düşen kino taslamasy diýlip yglan edildi. «Fortune» neşiriniň maglumatlaryna görä, Universal Pictures......

şu gün 10:10
1.5k+

Zergär Göwher Nuryýewa Buharada geçen halkara festiwalyň Kubogyna mynasyp boldy

Türkmen zergäri, Suratkeşler birleşiginiň agzasy Göwher Nuryýewa Altyn sapak we zergärçilik hünäri III halkara festiwalynda üçünji orny eýeledi. Bu çäre 15—17-nji maý aralygynda Buhara (Özbegistan) şäherinde......

şu gün 08:15
1.3k+

BAE göreşe goşuldy: ýurtda 15 ýaşdan kiçilere sosial torlaryny ulanmak gadagan edildi

Birleşen Arap Emirlikleriniň (BAE) Hökümeti kämillik ýaşyna ýetmedikleriň sosial ulgamlaryny ulanmagyny düýpgöter çäklendirýän karary tassyklady. «Khaleej Times» neşiriniň habar bermegine görä, mundan beýläk......