BYD superkary çukurlardan böküp geçýär

  • 13.01.2025 00:13
  • 9.3k+

BYD kompaniýasy täze wideosynda sürüjisiz Yangwang U9 superkarynyň 120 km/sag tizlik bilen dürli päsgelçiliklerden böküp geçişini görkezdi.

Ilkinji päsgelçilik ini 2,5 metr bolan suwly çukur bolup, awtomobil işjeň DiSus-X asgyjynyň (podweska) kömegi bilen onuň üstünden böküp geçýär. Kompaniýanyň maglumatlaryna görä, böküşiň uzynlygy 6 metrden gowrakdyr. Bu päsgelçilikden soň awtomobil beýikligi 3,5 sm töweregi bolan ýol tikenlerinden böküp geçýär.
CarNewsChina neşiriniň belleýşi ýaly, Yangwang U9 superkary BYD-yň premium brendiniň eýýäm ikinji awtomobilidir. Ol kuwwaty 960 kWt bolan dört elektrik hereketlendirijisi hem-de her tigiriň amortizatorlaryny sazlap bilýän DiSus-X pnewmatik asgyjy bilen üpjün edildi. Ol awtomobile bökmäge ýa-da “tans etmäge” mümkinçilik berýär.
Şeýle-de, pnewmatik ulgam duýdansyz öwrümlerde korpusy durnukly ýagdaýda saklamaga kömek edýär. Zerur bolan ýagdaýynda ol awtomobile hereketini 3 tigirde dowam etdirmäge hem mümkinçilik berip biler.
Superkar 2,36 sekuntda tizligini 100 km/sag çenli artdyrýar we 9,78 sekuntda 400 metr aralygy geçip bilýär. 2024-nji ýylyň noýabr aýynda U9 Nýurburgring ýolunda 7:17,9 netijäni görkezdi, bu bolsa elektromobiller üçin ýokary öndürijiligi aňladýar.
Yangwang U9 2024-nji ýylyň fewral aýynda 1,68 mln ýuan (takmynan, $230 000) baha bilen  hödürlendi.


16.04.2026 19:09
13k+

BYD zawodynda dörän ýangyn zerarly elektromobiller ýandy

Hyytaýyň Şençžen şäherindäki BYD kompaniýasynyň zawodyna degişli köp gatly awtoduralgada güýçli ýangyn boldy. Kompaniýanyň berýän maglumatyna görä, waka sişenbe güni irden ýüze çykdy....

04.04.2026 21:33
4.3k+

Tesla kompaniýasy BYD-dan öňe geçip, elektromobil ibermek boýunça liderligini yzyna gaýtardy

Ilkinji üç aýyň jemleri boýunça Tesla kompaniýasy 2024-nji ýylyň ahyryndan bäri ilkinji gezek Hytaýyň BYD kompaniýasyndan elektromobil üpjünçiliginiň möçberi boýunça öňe geçmegi başardy....

14.03.2026 09:25
4.1k+

Hytaý awtoulaglary ýurduň içindäkä garanyňda, daşary ýurda has köp satylýar

Hytaýyň iri awtoulag öndürijileri daşary ýurt bazarlaryna barha köp üns berip ugradylar. Ýurduň içinde satuwyň ösüşiniň haýallamagy kompaniýalaryň Hytaýdan daşarda täze müşderileri has işjeň gözlemäge mejbur edýär...

12.03.2026 10:59
3.1k+

BYD-niň kaşaň sedany gaýtadan zarýad berilmezden 1000 km-den gowrak ýol geçip bilýär

Hytaýyň BYD awtoulag öndürijisi özüniň Yangwang U7 lyuks sedanyny täzeledi. Täzelenmelere Blade batareýalarynyň ikinji nesli we täze Flash Charging has çalt zarýad beriş ulgamy girýär. Esasy üýtgeşiklik ýöreýiş ätiýaçlygynyň artmagydyr...