2024-nji ýylda Ýewropada iň meşhur bolan awtomobilleriň reýtingi hödürlendi

  • 12.01.2025 23:52
  • 3.4k+

Focus2Move konsalting kompaniýasy 2024-nji ýylda Ýewropada awtomobil satuwynyň netijelerini hödürledi. Sebitde iň köp satylan awtomobil Rumyniýanyň Dacia Sandero modeli boldy.

Bu modeliň satuwy 9,9% ýokarlanyp, 248 329 birlige ýetdi.
Ikinji orny 244 066 birlik (+4,4%) bilen Renault Clio eýeledi. Öňdebaryjylaryň üçlügini satuwy 16,9% ýokarlandyryp, 212 189 awtomobile ýeten Volkswagen Golf jemledi.
Dördünji orny eýelän Volkswagen T-Roc, tersine, islegiň -2,6% pese gaçandygyny görkezdi, netijede satuw görkezijisi 201 246 awtomobil boldy. Bäşinji orunda 190 427 satylan awtoulag (+12,5%) bilen Dacia Duster ýerleşdi.
Şeýle-de, ilkinji onluga islegiň 1,6% pese gaçandygyna garamazdan, Russiýanyň LADA Granta modeli girdi. Model 188 542 satylan awtomobil bilen altynjy orny eýeleýär. Ýedinji orunda 186 730 awtomobil (+12,6%) bilen Volkswagen Tiguan bar.
Tesla Model Y öňdebaryjylaryň arasynda iň ýaramaz netijäni görkezdi. Ol islegiň 23% peselmegini hasaba alyp, ýyly 184 150 awtoulag bilen jemledi. Mundan başga-da, iň meşhur awtomobilleriň sanawyna Toyota Yaris (178 221 awtoulag, +6,3%) we Škoda Octavia (172 264 awtoulag, +14,7%) girdi.


düýn 17:04
2.3k+

Ýewropada benzin we dizel ýangyçly awtoulaglaryň satuwy peselmegini dowam etdirýär

2026-njy ýylyň maý aýynda Ýewropa Bileleşiginiň ýurtlarynda, EFTA-da (Erkin söwda boýunça Ýewropa assosiasiýasy — Islandiýa, Lihtenşteýn, Norwegiýa we Şweýsariýa) hem-de Beýik Britaniýada 1,15 milliona golaý......

21.06.2026 16:05
3.9k+

Volkswagen-de çökgünlik: ýolbaşçylar kompaniýanyň ýok bolup gitmek howpuny boýun aldy

Germaniýanyň Volkswagen Group awtomobil konserniniň içerki ýagdaýy ýolbaşçylar tarapyndan örän howsalaly diýlip hasaplanýar. Germaniýanyň «Manager Magazin» neşiri kompaniýanyň müdirler geňeşiniň we gözegçilik......

16.06.2026 09:57
6.1k+

Toyota Ýewropada Hilux modeliniň täze neslini tanyşdyrdy

Toyota kompaniýasy Ýewropada Hilux pikapynyň dokuzynjy neslini görkezdi. Bu model öňki rama gurluşyny we ýolsuz ýerlerde hereket etmek mmükinçiliklerini saklap galdy, ýöne doly täzelenen dizaýna, sanly......

04.06.2026 14:32
3.2k+

Toyota Yaris Cross täzelenenden soň Ýewropadaky bahalaryna hem täzeden seredildi

Toyota täzelenen Yaris Cross krossoweriniň Ýewropa bazary üçin bahasyny yglan etdi. Täzelenenden soň, esasy baha 200 ýewro arzanlady we indi 31 695 ýewrodan başlaýar....