iPhone 17-niň kamerasy barada täze maglumatlar peýda boldy

  • 12.01.2025 20:28
  • 10k+

iPhone 17 Pro we 17 Pro Max modelleri üç sany 48 megapiksellik kameralar bilen üpjün ediler diýip, MacRumors portalynda habar berilýär.

Çeşmäniň berýän maglumatlaryna görä, iPhone 17 Pro modelleri Fusion esasy kamera, ultra-giň burçly modul, tetraprizma tehnologiýaly telefoto sensor bilen enjamlaşdyrylar we ähli sensorlar 48 MP durulykda bolar. Öň tarapdaky selfi kamerasy bolsa 24 MP sensor bilen üpjün ediler. Şeýlelikde, telefoto sensor we selfi kamerasy ep-esli kämilleşdiriler.
Bu maglumat syzmalaryny, Apple analitigi Ming-Çi Kuonyň öňe süren pikirleri hem tassyklaýar. Ol 2024-nji ýylyň iýun aýynda iPhone 17 Pro Max modeliniň has kämilleşdirilen telefoto sensor bilen enjamlaşdyryljakdygyny aýdypdy. Täze syzmalar bu kämilleşdirmeleriň iPhone 17 Pro modeline-de degişli boljakdygyny görkezýär.
Öň hem iPhone 17 Pro modelleriniň daşky keşbiniň bolup biläýjek render şekilleri barada habar beripdik. iPhone 17 seriýasyna degişli smartfonlaryň 2025-nji ýylyň sentýabr aýynda tanyşdyrylmagyna garaşylýar. Bu seriýa dört sany enjam girer. Şeýle-de, iPhone Plus modeliniň ýerine diňe 5,5 mm galyňlygy bolan täze iPhone 17 Air modeli tanyşdyrylar.


16.05.2026 11:20
4.1k+

Stiw Jobs hümmeti 1 dollar bolan täze teňňäniň ýüzi boldy

ABŞ-nyň Zikgehanasy Apple kompaniýasynyň esaslandyryjylarynyň biri Stiw Jobsa bagyşlanan, hümmeti 1 dollar bolan ýadygärlik teňňesini resmi taýdan satuwa çykardy. Bu teňňe barada geçen ýyl yglan edilipdi....

07.05.2026 21:13
3k+

Apple “akylly” Siri-ni gijikdirendigi üçin iPhone 16 we iPhone 15 Pro-nyň eýelerine 250 million dollar tölär

Apple kompaniýasy Siri ses kömekçisiniň emeli aň (AI) funksiýalary bilen enjamlaşdyrylan täze görnüşiniň gijikdirilmegi zerarly ABŞ-da gozgalan köpçülikleýin kazyýet işini ýatyrmak üçin 250 million dollar......

11.04.2026 14:59
8.1k+

Dünýäde iň geçginli smartfonlaryň 10-lugyna birbada 5 sany iPhone girdi

2025-nji ýylyň dördünji çärýeginde dünýäde iň köp satylan 10 modeliň arasynda iPhone smartfonlary bäş orny eýeledi. Muňa Counterpoint Research kompaniýasynyň maglumatlary şaýatlyk edýär....

13.03.2026 16:33
3.2k+

Tim Kuk Apple ulanyjylaryna ýüzlendi: «Elli ýyl ozal kiçijik bir garažda uly pikir dünýä indi…»

2026-njy ýylyň 1-nji aprelinde Apple kompaniýasynyň döredilenine 50 ýyl dolýar we kompaniýa bu sene mynasybetli birnäçe çäreleri hem-de uly tanyşdyryşlary taýýarlaýar. Apple-iň baş direktory Tim Kuk bu möhüm senäniň gelerine garaşyp durman, kompaniýanyň saýtynda Apple-iň enjamlaryndan we hyzmatlaryndan peýdalanýanlaryň ählisine gönükdirilen açyk haty çap etdi...