Ýanwar we fewral aýlarynda Gün ulgamynyň planetalary asmanda bir hatara düzüler

  • 12.01.2025 19:22
  • 3.8k+

2025-nji ýylyň ýanwar we fewral aýlarynda Ýeriň ýaşaýjylary seýrek kosmiki hadysanyň şaýady bolarlar. Olar şonda Gün ulgamynyň planetalarynyň bir hatara düzülişini synlap bilerler. 21-nji ýanwarda gijeki asmanda bir wagtyň özünde alty sany planeta peýda bolar we 28-nji fewralda olara ýedinji planeta hem goşular diýip, Science Alert habar berýär.

Şeýle deňleşmeler planetalaryň hemmesi Günüň bir tarapynda bolanda ýüze çykýar.
21-nji ýanwarda bir wagtyň özünde Marsy, Ýupiteri, Urany, Neptuny, Wenerany we Saturny görmek bolar. Bir wagtyň özünde asmanda birnäçe planetanyň peýda bolmagy seýrek hadysa däl, ýöne planetalaryň köpüsiniň ýa-da hemmesiniň bir setire düzülen ýagdaýlary seýrek bolýar. Üç planetadan sekiz planeta çenli aralykdaky planetalaryň islendik sany deňleşmäni emele getirýär.

2025-nji ýylyň 28-nji fewralynda astronomlara hasam täsin tomaşa garaşýar. Şol gün öň görünýän planetalara Merkuriý hem goşular.


15.06.2026 22:20
5.8k+

Planetamyz her ýyl 10 million gektar töweregi tokaý ýitirýär: asyryň başyndan bäri bu ýitgi iki essä golaý artdy

Earth-iň hasaplamalaryna görä, dünýäde her ýyl 10 million gektar töweregi tokaý ýitirilýär, bu ýitginiň 96%-i tropiki sebitlerde bolýar. 2001-nji ýyldan 2024-nji ýyla çenli agaç örtüginiň ýitgisiniň möçberleri......

11.05.2026 11:37
5.1k+

El-Ninýo sebäpli Dünýä ummanynyň temperaturasy taryhy rekorda golaýlaýar

Howa şertleri El-Ninýo tebigy hadysasynyň işjeň fazasyna geçýärkä, dünýä ummanlary täze temperatura rekordlaryny goýmagyň bosagasynda dur....

18.04.2026 23:36
4.3k+

2026-njy ýylyň maýynda seýrek duş gelýän goşa dolan Aý hadysasy bolar

2026-njy ýylyň maý aýynda Ýeriň ýaşaýjylary seýrek duş gelýän hadysany — bir aýyň dowamynda iki gezek dolan Aýyň emele gelmegini synlap biler. Bu barada K.E.Siolkowskiý adyndaky Döwlet kosmonawtika taryhy......

22.03.2026 16:34
4.3k+

Mart aýynyň ahyrynda iki meteor akymyny synlamak bolar

2026-njy ýylyň mart aýynyň ahyrynda Ýeriň ýaşaýjylary iki meteor ýagşyny — Gamma Normidleri we Eta Wirginidleri synlap bilerler. Birinjisi 28-nji marta çenli, ikinjisi bolsa 25-nji marta çenli işjeň bolar. Aýyň ýagtylygynyň gowşaklygy sebäpli olary arkaýyn synlap bolar...