Xiaomi täze Poco X7 we X7 Pro smartfonlaryny hödürledi

  • 12.01.2025 11:40
  • 5.5k+

Xiaomi kompaniýasyna degişli bolan Poco brendi täze X7 we X7 Pro smartfonlaryny hödürledi. Gurluşlaryň ikisi-de bazaryň orta segmenti üçin täze flagman bolar.

Poco X7 – esasy model bolup, Redmi Note 14 Pro-nyň täzelenen dizaýnly, şol sanda sary reňkli gaýtadan işlenen wersiýasydyr. Smartfon 6,67 dýuým AMOLED ekrany bilen üpjün edildi, onuň durulygy 1,5K we täzelenme ýygylygy 120 Gs. Içinde MediaTek Dimensity 7300-Ultra çipseti oturdyldy. Esasy kamera şekiliň optiki durnuklaşdyrmasy bilen 50 Mp, frontal kamera – 20 Mp. Sygymy 5110 mA/sag bolan batareýa 45 Wt zarýad berşi goldaýar.
Poco X7 Pro – uly model bolup, öň hödürlenen Redmi Turbo 4-üň klonydyr. Ol has kuwwatly MediaTek Dimensity 8400-Ultra çibi we 90 Wt çalt zarýad berşi goldaýan 6000 mA/sag akkumulýatora eýe boldy. Smartfon durulygy 1,5 K we ýagtylygy 3200 nite çenli bolan 6,67 dýuýmlyk AMOLED ekrany bilen üpjün edildi. Esasy kamera Sony IMX882 sensoryny hem ulanýar.
Pro wersiýada Liquid Cooling 4.0 sowadyş ulgamy gurnaldy we sekuntda 60 kadr bilen 4K wideo ýazgysyny-da goldaýar. Operasion ulgam Android 15-e esaslanýan Hyper OS 2.
Beýleki aýratynlyklaryň arasynda suwdan we tozandan gorag (IP68), stereodinamikalar we NFC bar.
Smartfonlar AI Interpreter, AI Notes we AI Recorder ýaly emeli aň funksiýalaryny-da goldaýar.
Poco X7 sary, ýaşyl we kümüşsöw reňklerde, Poco X7 Pro bolsa gara, ýaşyl we sary reňklerde elýeterlidir. Smartfonlary eýýäm sargyt edip bolýar. Ähli modeller resmi taýdan 12 aý kepillik bilen sertifikatlaşdyryldy.
Poco X7-niň bahasy:

  • 8+256 GB - $249
  • 12+512 GB - $299

Poco X7 Pro-nyň bahasy:

  • 8+256 GB - $299
  • 12+256 GB - $329
  • 12+512 GB - $369

22.02.2026 01:33
3.9k+

Xiaomi-niň ýolbaşçysy täze Xiaomi 17 Ultra-nyň kamerasynyň mümkinçiliklerini görkezdi

Xiaomi korporasiýasynyň ýolbaşçysy Lu Weýbing Xiaomi 17 Ultra flagman smartfonynyň dünýä derejesindäki tanyşdyrylyşynyň öňüsyrasynda enjamyň kamerasynda düşürilen täze suratlary paýlaşdy. Smartfonyň resmi tanyşdyrylyşy "MWC 2026" sergisiniň öňüsyrasynda, 2026-njy ýylyň 28-nji fewralynda bolar...

14.02.2026 18:43
1.5k+

Baýramçylyk arakesmesi: Xiaomi Hytaý täze ýyly sebäpli HyperOS täzelenmelerini wagtlaýyn duruzdy

Xiaomi kompaniýasy Hytaýda bellenilýän täze ýyl baýramçylygy bilen baglylykda HyperOS programma üpjünçiliginiň täzelenmelerini çykarmagy wagtlaýynça bes edýär. Bu barada XiaomiTime tehnologiýa resursy habar berýär...

06.02.2026 09:00
1.4k+

HyperOS Android-iň köne kodlaryndan saplanýar: Xiaomi öz operasion ulgamyny çykarar

Xiaomi kompaniýasy özüniň HyperOS operasion ulgamyny düýpli täzeläp, onuň düzümindäki könelen Android kodlaryny hususy komponentleri bilen çalşyrmagy meýilleşdirýär. Bu barada belli tehnologiýa insaýderi «Digital Chat Station» habar berýär...

21.01.2026 10:50
2.3k+

Xiaomi smartfonlar üçin örän inçe daşky akkumulýatory çykardy

Xiaomi smartfonlar bilen gündelik ulanmak üçin magnitli ultra inçe daşky akkumulýatory hödürledi. Aksessuar bazarda iň ykjam magnit pauerbanklarynyň hataryna girýär. Akkumulýatoryň ýogynlygy 6 mm, agramy 98 g barabar...