Boeing Saturnyň hemrasy Titana äpet howa gämisini ibermegi meýilleşdirýär

  • 12.01.2025 10:57
  • 4.9k+

Boeing kompaniýasy Saturnyň iň uly hemrasy bolan Titany has içgin öwrenmek üçin äpet howa gämisini ibermek baradaky uly taslamasyny köpçülige mälim etdi. Bu barada UniverseToday neşiri habar berýär.

Bu howa gämisi Titanyň ýerli atmosferasyny peýdalanyp, özüniň beýiklik derejesini sazlamagy başarar. Howa gämisine Titanyň ýerleriniň üstki gatlagyny we geologiki işjeňligini öwrenmek üçin niýetlenen radar we lidar ulgamlary ýerleşdiriler. Bu taslama soňky 20 ýylyň dowamynda ara alnyp maslahatlaşyldy we şeýle äpet enjamlary daşamaga ukyply Space Launch System (SLS) atly täze raketanyň binýadynda durmuşa geçiriler.
Howa gämisi geliý gazy bilen doldurylar we durnuklylyk üçin ballast gaplary bolar. Enjamyň 150 m³-den 400 m³-e çenli görnüşleri bolup, bu onuň ýerden 5km-20 km-e çenli aralykdaky beýikliklerde iş alyp barmagyna mümkinçilik berýär.
Taslamanyň umumy bahasy 2,5 milliard dollara barabar bolar. Wezipesini birnäçe ýylyň dowamynda ýerine ýetirip, Titanda pasyllaryň üýtgemegini gözegçilige almaga mümkinçilik döreder. Ýöne raketanyň öndürilmegi bilen baglanyşykly kynçylyklar, taslamanyň 2034-2036-njy ýyllar aralygynda meýilleşdirilen uçuş möhletleriniň bökdelmegine sebäp bolup biler. Şeýle-de, taslamanyň çykdajylarynyň ýokarylygy, ony Starship raketalary bilen bäsleşikde kyn ýagdaýa düşürýär. Sebäbi Starship raketalarynyň agram göterijiligi has ýokarydyr.
Şeýle-de NASA-nyň Dragonfly atly taslamasynyň çäginde Titana dikuçar ibermek meýilleşdirilýär. Bu taslama 2028-nji ýylda Falcon Heavy raketasy bilen uçurylar. Falcon Heavy raketasynyň agram göterijiligi SLS-e garanyňda pesräk bolsa-da, ol howa gämisiniň kiçi görnüşini daşamaga mümkinçilik berer.


17.06.2026 11:18
1.1k+

Starship-i Aýa uçuşlar üçin orbitara çekiji etmegi meýilleşdirýärler: SpaceX näme teklip edýär?

SpaceX kompaniýasy NASA-nyň "Artemis" maksatnamasynyň çägindäki geljekki Aý missiýalarynyň tertibini üýtgetmegi we "Starship" gämisine Aýa ekipažlary eltip bermekde has giň gerimli orun bermegi teklip etdi....

14.06.2026 16:13
6k+

NASA-nyň zondy Günüň golaýyndaky 1300 °C gyzgynlyga döz gelip, gaýtadan aragatnaşyga çykdy

«Parker Solar Probe» kosmos enjamy Günüň golaýyna tarap ýene bir gezek taryhy rekord derejede golaýlaşmadan we Ýer bilen aragatnaşyksyz geçen dokuz günlük özbaşdak uçuşyndan soň, şowly ýagdaýda ýene......

11.06.2026 10:55
1.8k+

NASA «Artemis III» missiýasynyň ekipaž düzümini yglan etdi

NASA agentligi 2027-nji ýylda amala aşyryljak Artemis III missiýasynyň düzüminde uçmaly dört astronawtyň atlaryny mälim etdi. Missiýa 2028-nji ýylda Aýyň günorta polýusyna ilkinji gezek adamyň aýak basmagyny......

11.06.2026 08:39
1.1k+

SpaceX ýene bir rekord goýdy: Falcon 9-yň birinji basgançagy 35-nji uçuşyny tamamlady

SpaceX kompaniýasy raketalary gaýtadan ulanmak boýunça öz rekordyny ýene-de täzeledi. Raketa göteriji Falcon 9-yň birinji basgançagy kosmosa uçdy we eýýäm 35-nji gezek yzyna gaýdyp geldi....