Neuralink eýýäm üçünji hassanyň beýnisine neýroçip ornaşdyrdy

  • 12.01.2025 10:41
  • 5.4k+

Neuralink kompaniýasynyň Blindsight atly beýni implanty üçünji adama üstünlikli ornaşdyryldy. Bu barada amerikan telekeçisi we milliarder Ilon Maskyň hut özi köpçülige mälim etdi. Mask 2025-nji ýylda bu neýroçipi ýene 20-30 adama ornaşdyrmagy meýilleşdirýändiklerini aýtdy diýip, life.ru habar berýär.

"Şu wagt Neuralink implantlary bilen ýaşaýan üç adam bar we olaryň hemmesi gowy işleýär… Şu ýylyň dowamynda gözegçilik edilýän, Neuralink implanty bolan täze 20-30 hassanyň bolmagyna garaşýarys" diýip, Ilon Mask Stagwell marketing kompaniýasynyň müdiri Mark Penn bilen geçirilen söhbetdeşliginde aýdyp geçdi. Bu söhbetdeşlik X sosial ulgamynda neşir edildi.

Mundan öň hem Mask, bu beýni implantlarynyň geljekde adamlaryň durmuşynyň möhüm bir bölegi boljakdygy barada aýdypdy.
Ýatlatsak, 2024-nji ýylyň ýanwar aýynda Ilon Mask ilkinji gezek adam beýnisine çipiň üstünlikli ornaşdyrylandygyny habar beripdi. Onuň aýtmagyna görä, Neuralink implanty adamlara elektron enjamlary ellerini ulanmazdan, diňe “pikiriň” üsti bilen dolandyrmaga mümkinçilik berer. Bu tehnologiýa, esasan hem synalaryndan mahrum bolan adamlar, maýyplar üçin peýdaly bolar. Mask neýroçip ýerleşdirilen adamyň diňe pikiriniň üsti bilen kompýuter syçanjygyny dogry hereketlendirmegi başarandygyny hem belläp geçdi.


22.05.2026 14:44
2k+

Ilon Maskyň X sosial ulgamynyň programmasynyň ýüklenmesi 1 milliarddan geçdi

Milliarder Ilon Maska degişli bolan X sosial ulgamynyň ykjam programmasynyň smartfonlara ýüklenen sany 1 milliarddan geçdi. Bu uly üstünlik barada Maskyň özi habar berdi....

19.05.2026 15:04
7.4k+

Ilon Mask OpenAI kompaniýasyna garşy kazyýet dawasynda ýeňildi

Demirgazyk Kaliforniýanyň Federal okrug kazyýeti milliarder Ilon Maskyň OpenAI kompaniýasynyň ýolbaşçylygyna, şol sanda baş direktor Sem Altmana we kompaniýanyň prezidenti Greg Brokmana garşy beren şikaýat......

17.05.2026 20:40
5.6k+

Gatnaşyjy zenan Neuralink-iň kömegi bilen 20 ýyllyk ysmazdan soň ýene surat çekip başlady

Neuralink kompaniýasy Odri atly kliniki synaglara gatnaşyjy zenan barada gürrüň berdi. Onuň «mee-kompýuter» interfeýsiniň kömegi bilen 20 ýyldan gowrak wagtlap dowam eden ysmazlykdan soň, ýene-de surat çekmek......

14.05.2026 00:17
5.1k+

Voyager Technologies: adamlar eýýäm 2030-njy ýyllardan başlap Aýda ýaşap we işläp bilerler

Voyager Technologies aerokosmos startapynyň baş direktory Dilan Teýlor adamlaryň şu onýyllygyň ahyryna çenli Aýy işjeň öwrenmäge başlajakdygyny, indiki onýyllygyň başynda bolsa ol ýerde hemişelik ýaşap we......