Ýöreýiş ätiýaçlygy 555 km bolan täze elektrikli sedan - Mazda 6e tanyşdyryldy

  • 12.01.2025 01:11
  • 3.7k+

Mazda Ýewropa bazaryna üçin niýetlenen täze elektrikli "6e" ulagyny hödürledi. Ol Hytaýda öndürilen Mazda EZ-6 modeliniň täzeden brendleşdirilen görnüşi bolup, ol Tesla Model 3-e bäsdeşlik eder we şu ýylyň ahyrynda satuwa çykarylar diýip, Auto24 habar berýär.

Model 3-den tapawutlylykda, Mazda 6e-niň arka tarapyndaky ýük ýeriniň ýokary galdyrylyp açylýan gapysy has gowy ulanyş amatlylygyny hödürleýär. Täze modeliň keşp boýunça ýene esasy bir aýratynlygy, ol hem zarýad berilýän mahaly batareýanyň zarýad derejesini görkezýän, öňdäki radiator gözeneginde ýerleşdirilen LED çyralarydyr.
Sport stili Mazda 6e-de aýdyň görünýär: gapylaryň çarçuwasyz aýnalary, pes silueti we işjeň arka spoýleri (ulagyň durnuklylygyny we howanyň garşylyk güýjüni azaltmaga kömek edýän arka ganaty) bar. Şeýle hem, diňe yzky tekerlerden iteklenýän hereket ulgamynyň sürüş tejribesine has oňaýly täsir etjekdigi barada habar berilýär.

Mazda 6e-de ulanyjylara iki dürli batareýa saýlamaga mümkinçilik berler. Kiçi batareýanyň göwrümi 68,8 kWt-sagat bolup, bir zarýad bilen 483 kilometr aralygy geçýär. Bu batareýa 200 kWt kuwwatly zarýady kabul edip, 10%-den 80%-e bary-ýogy 22 minutda zarýadlanýar. Uly batareýanyň göwrümi bolsa 80 kWt-sagat bolup, 555 kilometr aralygy geçmäge mümkinçilik berýär, emma 10%-den 80%-e çenli zarýadlanmak üçin 45 minut wagt talap edýär.
Kiçi batareýa bilen enjamlaşdyrylan görnüş 258 at güýjüne barabar elektrik hereketlendirijisine eýe bolup, 0-dan 100 km/s tizlige bary-ýogy 7,6 sekuntda ýetýär. Uly batareýaly konfigurasiýa bolsa 244 at güýji bilen üpjün edilip, 0-dan 100 km/s tizlige 7,8 sekuntda ýetýär.
Mazda 6e-iň içki görnüşi Model 3-e garanyňda has özüne çekiji bolup, sanly displeýler bilen baýlaşdyrylandyr. Ulagyň köp funksiýalaryny 14,6 dýuýmlyk merkezi sensor ekranyndan dolandyrmak mümkin bolar.
Täze modeliň Ýewropa bazaryndaky satuwy 2025-nji ýylyň ikinji ýarymynda başlanar, bahalar barada maglumat soň yglan ediler.


29.05.2026 23:38
3.1k+

Honda 15,7 milliard dollar zyýan çekendigine garamazdan, täze elektrik ulag platformasyny döreder

Honda kompaniýasy geljekki modeller üçin doly elektrik we gibrid awtoulaglaryň öndürilmegine mümkinçilik berjek täze arhitekturany işläp düzýär. Bu karar ABŞ-nyň bazaryndaky elektrik awtoulaglaryny ösdürmek......

28.05.2026 12:32
3.5k+

BMW iki millionynjy elektromobilini çykardy

BMW Group kompaniýasy özüniň iki millionynjy doly elektrikli awtoulagynyň önümçilikden çykandygyny yglan etdi. Eger-de kompaniýa birinji millionyny öndürmek üçin 11 ýyl sarp eden bolsa (2013-nji ýylda çykan......

27.05.2026 14:16
1.7k+

Ferrari ilkinji elektromobilini hödürleýär: täzelik kompaniýanyň aksiýalaryny aşak düşürdi

Italiýanyň meşhur awtomobil öndürijisi Ferrari özi üçin taryhy ädim ädip, Rim şäherinde ilkinji gezek doly elektrik togy bilen işleýän «Luce» atly täze modelini tanyşdyrdy. Bäş orunlyk bu üýtgeşik ulag......

22.05.2026 10:06
6.5k+

Uçýan «Alef» elektromobili eýýäm 1000-den gowrak synag uçuşyny amala aşyrdy

Amerikanyň Alef Aeronautics startap kompaniýasy özüniň uçýan «Model A» atly elektromobiliniň 1000-den gowrak synag uçuşyny üstünlikli tamamlandygyny mälim etdi. Kompaniýa indiki ýyl taýýar ulaglary ilkinji......