Realme hameleon smartfony çykardy: 14 Pro+ temperatura baglylykda reňkini üýtgedýär

  • 11.01.2025 15:12
  • 5.2k+

Realme kompaniýasy täze 14 Pro+ smartfonyny hödürledi. Ol diňe bir kuwwatly tehniki häsiýetleri bilen däl, eýsem daşky gurşawyň temperaturasyna baglylykda korpusyň reňkini üýtgetmek ukyby bilen tapawutlanýar.

16 gradusdan pes temperaturada onuň dür ýaly ak reňkli yzky paneli doýgun gök reňki alýar.
Esasy aýratynlyklary:

  • Displeý: diagonaly 6,83 dýuým we durulygy 1,5K bolan OLED ekrany. Ýagtylygy 1500 nite ýetýär, ekranyň çarçuwasy bary-ýogy 1,6 mm.
  • Prosessor: Qualcomm Snapdragon 7s Gen 3, Realme UI 6.0 interfeýsi bilen Android 15 operasion ulgamy.
  • Kameralar: Yzky panelde üç kamera bar: Sony IMX896 sensory bilen 50 Mp esasy kamera, Sony IMX882 sensorly we 3 esse ulaltma bilen periskopik teleobýektiwli 50 Mp kamera, şeýle-de 8 Mp ultra-giňburçly kamera. Selfi kamerasy – 32 Mp.
  • Akkumulýator: 80 Wt çalt zarýad berşi goldaýan 6000 mA/sag sygymly batareýa 24 minutda 50% zarýad alýar. Smartfon goşmaça zarýad bermezden 16,6 sagada çenli wideo görmäge mümkinçilik berýär. Sygymly akkumulýatora garamazdan, smartfonyň ýogynlygy 7,99 mm-den geçmeýär.
  • Gorag: IP68/IP69. Duzsuz suwa tötänleýin gaçanda we hatda gyzgyn suwuň aşagyna düşende-de zaýalanmaz.

Smartfon çal we ak reňklerde elýeterli.
Bahalar:

  • ·12 GB / 256 GB – 2599 ýuan (takmynan, $350)
  • ·12 GB / 512 GB – 2599 ýuan (takmynan, $380).
şu gün 11:22
1.7k+

Türki döwletler 34 harpdan ybarat elipbiýi ornaşdyrmagy ara alyp maslahatlaşýarlar

Astana şäherinde Türk akademiýasy tarapyndan gurnalan Umumy türk elipbiýi komissiýasynyň dördünji mejlisi geçirildi. Altyn Orda neşiriniň habar bermegine görä, duşuşyga gatnaşyjylar esasan 34 harpdan ybarat......

şu gün 11:08
1.1k+

«Ýura eýýamynyň dünýäsi: Hökmürowanlyk» taryhda iň çykdajyly film diýlip ykrar edildi

«Ýura eýýamynyň dünýäsi: Hökmürowanlyk» (Мир Юрского периода: Господство) filmi taryhda iň gymmat düşen kino taslamasy diýlip yglan edildi. «Fortune» neşiriniň maglumatlaryna görä, Universal Pictures......

şu gün 10:10
1.5k+

Zergär Göwher Nuryýewa Buharada geçen halkara festiwalyň Kubogyna mynasyp boldy

Türkmen zergäri, Suratkeşler birleşiginiň agzasy Göwher Nuryýewa Altyn sapak we zergärçilik hünäri III halkara festiwalynda üçünji orny eýeledi. Bu çäre 15—17-nji maý aralygynda Buhara (Özbegistan) şäherinde......

şu gün 08:15
1.3k+

BAE göreşe goşuldy: ýurtda 15 ýaşdan kiçilere sosial torlaryny ulanmak gadagan edildi

Birleşen Arap Emirlikleriniň (BAE) Hökümeti kämillik ýaşyna ýetmedikleriň sosial ulgamlaryny ulanmagyny düýpgöter çäklendirýän karary tassyklady. «Khaleej Times» neşiriniň habar bermegine görä, mundan beýläk......