Röwşen Meredow Türkmenistanyň Futbol federasiýasynyň tehniki direktory boldy

  • 11.01.2025 12:17
  • 9.6k+

Türkmenistanyň Futbol federasiýasy Röwşen Meredowyň Federasiýanyň tehniki direktory wezipesine bellenilendigini habar berdi.

Federasiýanyň habar berşi ýaly, R.Meredow futbol ýoluny 1999-njy ýylda Balkanabat şäheriniň “Nebitçi” toparynda başlan R.Meredow dürli ýyllarda “Dagdan”, “Galkan”, “Ahal” hem-de “Ýedigen” toparlarynda çykyş etdi. 
Futbol maşgalasyndan bolan R.Meredow karýerasyny tamamlanyndan soň tälimçilik ýoluny saýlap aldy. PRO derejeli tälimçilik şahadatnamasy bolan R.Meredow 2013 – 2020-nji ýyllaryň aralygynda paýtagtymyzyň “Ýedigen” hem-de Ahal welaýatynyň “Ahal” toparlaryna tälim berdi. Onuň ýolbaşçylygyndaky toparlar dürli ýyllarda ýurdumyzyň çempionatynda baýrakly orunlary eýeledi. 2017-nji ýylda “Ahal” topary Türkmenistanyň Kubogyna mynasyp boldy. 
R.Meredowyň tälim berýän “Ýedigen” toparynyň 2014-nji ýylda AFK-nyň Prezidentiniň Kubogynda ýeňiş gazandy. 
Tejribeli tälimçi 2020-nji ýylyň futbol möwsüminde Özbegistanyň “Kyzylkum”, 2022-nji ýylda bolsa Gyrgyz Respublikasynyň “Kaganat” toparlaryny türgenleşdirdi.
2020-nji ýyldan häzirki wagta çenli FIFA-nyň GFD (Global futbol ösüşi) bölüminde tehniki eksperti wezipesinde işleýär. Ol bu wezipede dünýä belli futbol hünärmeni Arsen Wengeriň ýolbaşçylygynda zähmet çekýär.  


düýn 23:57
804

«Time» sport äleminde täsiri uly 100 adamyň sanawyny düzdi

«Time» žurnaly sport pudagynda 2026-njy ýylyň täsiri uly 100 şahsyýetiniň sanawyny hödürledi. Bu reýtinge diňe bir häzirki wagtda çykyş edýän meşhur türgenler we tejribeli tälimçiler däl, eýsem sport......

düýn 16:18
7.9k+

DÇ-2026-nyň iň ýokary zähmet hakyny alýan futbolçylary we tälimçileri

Futbol boýunça dünýä çempionaty Ýer ýüzüniň iň güýçli oýunçylaryny bir ýere jemleýär. ABŞ-da, Kanadada we Meksikada geçirilýän bu gezekki ýaryşa 48 sany milli ýygyndy geldi we olaryň her biri öz düzümine 26......

düýn 08:03
2.5k+

Türkmen karateçileri Manilada geçirilen ýaryşda altyn we bürünç medallary gazandy

Filippinleriň paýtagty Manila şäherinde geçirilen «Karate-1 Ýaşlar ligasy» (Karate 1-Youth League) dünýä tapgyrynyň ýaryşynda türkmen türgenleri üstünlikli çykyş edip, altyn we bürünç medallary gazandy....

10.06.2026 19:10
6.3k+

«Real» Mourinýunyň şertnamasyny «Benfikadan» 15 mln ýewro satyn aldy

«Benfika» kluby özüniň X sosial ulgamyndaky sahypasynda Madridiň «Realynyň» Lissabon klubunyň baş tälimçisi Žoze Mourinýu bilen şertnamany möhletinden ir ýatyrmak üçin 15 million ýewro töländigini mälim etdi.......