Portugaliýanyň milli futbol ýygyndysy Puma-dan täze eşik toplumyny tanyşdyrdy

  • 10.01.2025 16:26
  • 7.1k+

Portugaliýanyň milli futbol topary X sosial ulgamdaky sahypasynda täze eşik toplumyny görkezdi. Ol toparyň täze tehniki hemaýatkäri – Germaniýanyň Puma brendi tarapyndan çykaryldy.

Tanyşdyrylyşa milli ýygyndynyň beýleki oýunçylary bilen bir hatarda toparyň kapitany Kriştianu Ronaldu hem gatnaşdy.
Esasy eşik toplumy mele hem ýaşyl zolaklaryň goşulmagynda ak manžetli we ýakaly gyzyl reňkde taýýarlandy. Köýnekçäni Portugaliýanyň tugrasyndaky atanakdan ylham alan sada nagyş örtýär. Gyzyl futbolkalar ýaşyl şortylar bilen hödürlenýär. Ikinji toplum gara ýakaly we manžetli ak reňkdedir. Forma abstrakt gyzyl-ýaşyl nagyş bilen örtüldi.
Belläp geçsek, öň 27 ýyldan gowrak wagtlap milli ýygyndy üçin eşik toplumyny Nike kompaniýasy çykardy.
Portugaliýanyň milli ýygyndysy 2024-nji ýyly FIFA-nyň reýtinginde altynjy orunda tamamlady. Topar UEFA-nyň Milletler ligasynyň dörtden bir finalyna çykdy we bu ýerde Daniýa bilen duşuşar. Milletler ligasynyň pleý-off oýunlary 2025-nji ýylyň 20-nji we 23-nji martynda geçiriler. Ýaryşyň ýarym finallary 4-nji we 5-nji iýuna meýilleşdirilýär, üçünji ýer üçin oýun we final 8-nji iýunda geçiriler.


şu gün 09:11
594

FIFA 2029-njy ýyldaky Klublaýyn dünýä çempionatyna gatnaşyjylaryň sanyny 48 topara çenli artdyrmagy meýilleşdirýär

Halkara futbol federasiýasy (FIFA) Ýewropa klublarynyň assosiasiýasy bilen bilelikde 2029-njy ýylda geçiriljek klublaryň arasyndaky dünýä çempionatyna gatnaşyjylaryň sanyny 32-den 48-e çenli artdyrmak......

düýn 23:41
3.2k+

Infantino 16 günde 27 gezek uçuş edip, dünýä çempionatynyň 24 oýnuna gatnaşdy

FIFA-nyň prezidenti Janni Infantino dünýä çempionatynyň 16 gününiň dowamynda 27 sapar uçuş etdi we 24 oýna gatnaşdy. «BBC Sport-yň» hasaplamalaryna görä, şol döwürde ol howada 66 sagatdan gowrak wagt geçirdi,......

düýn 13:41
9.8k+

DÇ-2026-da 1/16 tapgyryň ähli jübütleri belli boldy: oýunlaryň tertibi

ABŞ-da, Kanadada we Meksikada geçirilýän 2026-njy ýylyň futbol boýunça dünýä çempionatynyň toparçalaýyn tapgyrynyň jemleýji oýunlary tamamlandy. 28-nji iýunda irden (Aşgabat wagty bilen) pleý-off tapgyrynyň......

düýn 12:43
7.4k+

DÇ-2026: Messiniň nobatdaky goly, DR Kongo pleý-offda, Alžir – Awstriýa oýnundaky triller

2026-njy ýylyň futbol boýunça dünýä çempionatynda toparçalaýyn tapgyrynyň 3-nji aýlawynyň duşuşyklary tamamlandy. Bu oýunlaryň netijelerine görä, 1/16 finalda bäsleşjek ähli ýygyndy toparlaryň düzümi doly......