Sony we Honda bilelikde hödürlän ilkinji Afeela awtoulagynyň bahasyny mälim etdi

  • 09.01.2025 15:07
  • 8.5k+

Las-Wegasda (ABŞ) geçirilýän CES 2025 sarp ediji elektronika sergisinde Sony we Honda bilelikdäki taslamanyň çäginde döredilen ilkinji tapgyrlaýyn elektromobili bolan Afeela 1-i resmi taýdan hödürledi diýip, ITHome habar berýär.

Awtoulag iki görnüşde elýeterli bolar: Afeela 1 Origin we Afeela 1 Signature. Origin-iň bahasy 89 900 dollardan başlaýar, Signature premium wersiýasynyň bahasy bolsa 109 900 dollar.
Ilkibaşda bu modeli diňe Kaliforniýanyň ýaşaýjylary öňünden sargyt edilip bilerler. Signature wersiýasynyň ilkinji ulaglary 2026-njy ýylyň ortalaryna bazara çykarylar, Origin bolsa bir ýyldan soň, ýagny 2027-nji ýylda bazara çykarar.
Afeela 1-iň iki wersiýasynda hem üç ýyllyk mugt sanly hyzmatlar elýeterli bolar. Bukjada Afeela Intelligent Driving atly L2+ADAS awtopilot ulgamy, şeýle hem Afeela Personal Agent wirtual kömekçisiniň güýmenje hyzmatlary we beýleki funksiýalar bar. Şeýle hem multimediýa programmalary, 3D-kartalary, giňişlikdäki ses we 5G torlaryna birikdirilme mümkinçiligi elýeterli bolar.
Ozal kompaniýanyň wekilleri karaoke we onlaýn kino hyzmatlarynyň integrasiýasyny anons etdiler.
Modeliň beýleki tehniki aýratynlyklary köpçülige soň aýan ediler.


12.06.2026 01:38
6.6k+

Ýapon ulaglary iň uzak ömürli awtoulaglar bolup çykdy - Barlagyň netijeleri

iSeeCars portalynyň analitikleri 174 müňden gowrak awtoulagyň ýol geçiş aralygy baradaky açyk maglumatlary öwrenip, maşynlarynyň 250 müň mile (takmynan 400 müň km) çenli aralygy geçip bilmek ähtimallygy iň......

04.06.2026 17:27
3.2k+

Mazda ýaş sürüjiler üçin iň gowy ulaglaryň reýtinginde birinji orna çykdy

Amerikanyň IIHS we "Consumer Reports" guramalary tarapyndan taýýarlanan ýetginjekler üçin iň howpsuz awtoulaglaryň ýyllyk reýtinginde "Mazda" garaşylmadyk ýagdaýda lider boldy....

29.05.2026 23:38
3.5k+

Honda 15,7 milliard dollar zyýan çekendigine garamazdan, täze elektrik ulag platformasyny döreder

Honda kompaniýasy geljekki modeller üçin doly elektrik we gibrid awtoulaglaryň öndürilmegine mümkinçilik berjek täze arhitekturany işläp düzýär. Bu karar ABŞ-nyň bazaryndaky elektrik awtoulaglaryny ösdürmek......

01.04.2026 16:47
3.6k+

Iri awtoöndürijiler köpçülikleýin elektromobillere geçmekden saklanýarlar

Dünýäniň azyndan 12 sany iri awtomobil öndürijisi elektromobil çykarmak baradaky meýilnamalaryna täzeden seretdiler. Olaryň bu babatdaky maksatnamasyny gysgaldanlary-da, ondan doly ýüz öwrenleri-de bar diýip,......