Samsung 1250 dollara çenli peýda bilen täze smartfonlary öňünden bronlamagy teklip edýär

  • 09.01.2025 12:39
  • 9k+

Samsung kompaniýasy indiki Unpacked çäresiniň geçiriljek senesini tassyklady. Ol 22-nji ýanwarda – Las-Wegasdaky CES sergisinden iki hepde soň San-Hosede geçiriler.

Geljekki çärede günorta koreýaly tehnologiýa ägirdi täzelenen Galaxy AI emeli aň ulgamy bilen täze Galaxy S25 smartfonlaryny hödürlemegi meýilleşdirýär. Täze smartfon hataryna azyndan üç model: Galaxy S25, Galaxy S25+ we Galaxy S25 Ultra girer. OS hökmünde Android 15 çykyş eder. Gajetleriň 7 ýyllyk täzelenme goldawyny almagyna garaşylýar.
Smartfonlar Qualcomm Snapdragon 8 Elite prosessory bilen enjamlaşdyrylyp, 200 MP esasy sensor bilen bilelikde iki sany 50 MP uly burçly we telefoto linzalary utgaşdyrýan kamera ulgamyna eýe bolar.
Şeýle-de, tanyşdyrylyş çäresinde kompaniýanyň Galaxy S25 Slim smartfonyny hödürlemegine garaşylýar. Gürrüňlere görä, ol Galaxy S hatarynyň iň inçe smartfony bolar. Muny gazanmak üçin bolsa modeliň simsiz zarýad beriş mümkinçiliginden mahrum bolup biljekdigi habar berilýär.
Eýýäm häzir ulanyjylar geljekki smartfonlary öňünden mugt bron edip bilýär. Muny 22-nji ýanwara çenli eden müşderilere töleg wagty gelende 50 dollar möçberde arzanladyş hödürlenýär. Şeýle-de, bron edýänler 5000 dollarlyk Samsung sowgat kartyny utmak mümkinçiligini gazanar.
Mundan başga-da, Samsung müşderilere köne telefonlaryň çalşygy üçin 1250 dollara çenli arzanladyş hödürlemäge taýýar. Mukdar gurluşyň modeline bagly bolar. Şeýle-de, öň hödürlenen maglumatlara görä, deslapky sargydy resmileşdiren ulanyjylar Google-dan Gemini Advanced platformasyna bir ýyl mugt girmek mümkinçiligini gazanyp biler.
Galaxy Unpacked 2025 tanyşdyrylyş çäresi Samsung Newsroom, Samsung.com arkaly göni ýaýlymda ýa-da kompaniýanyň resmi YouTube kanalynda görkeziler.


11.04.2026 14:59
7.8k+

Dünýäde iň geçginli smartfonlaryň 10-lugyna birbada 5 sany iPhone girdi

2025-nji ýylyň dördünji çärýeginde dünýäde iň köp satylan 10 modeliň arasynda iPhone smartfonlary bäş orny eýeledi. Muňa Counterpoint Research kompaniýasynyň maglumatlary şaýatlyk edýär....

11.04.2026 10:19
3.2k+

Samsung her dördünji ýewropalynyň iliň telefonyna jyklaýandygyny anyklady

Samsung tarapyndan geçirilen barlaga we Delfi agentliginiň berýän maglumatyna görä, Ýewropanyň ýaşaýjylarynyň ýarysyndan gowragy (56%) jemgyýetçilik ýerlerinde iliň telefonynyň ekranyna seredendiklerini boýun......

23.03.2026 00:03
5.8k+

Samsung Galaxy S26 Ultra-ny yzyna gaýtarmakdan ýüz öwrenlere 250 dollara çenli pul hödürleýär

«Samsung Galaxy S26 Ultra smartfonlaryny ulanýanlar kompaniýanyň enjamy yzyna gaýtarmakdan ýüz öwren ýagdaýynda, olara 250 dollara çenli öwez puly berilýär» diýip WCCFTech neşiri ýazýar. Ulanyjylaryň aýtmagyna görä, şeýle teklibi smartfon barada şikaýat ýa-da satyn alnan önümden närazylyk bilen kömek gullugyna ýüz tutanyňdan soň alyp bolýar...

24.02.2026 09:33
1.5k+

Samsung Galaxy S26 smartfonlaryna Perplexity emeli aň agentini goşar

Samsung geljekki Galaxy S26 smartfonlar hatarynda Galaxy AI ulgamynyň mümkinçiliklerini giňeldýär. Platformanyň täzelenen görnüşine Perplexity emeli aň (EA) agenti goşular. Öndüriji bu barada Galaxy Unpacked tanyşdyrylyşyndan birnäçe gün öň habar berdi...