Microsoft "OpenAI" bilen baglanyşykly maglumat merkeziniň gurluşygyny togtatdy

  • 08.01.2025 17:41
  • 5.1k+

Microsoft ABŞ-nyň Wiskonsin ştatyndaky Maunt-Pleasant obasynda ýokary derejeli aňyň döredilmegi bilen baglanyşykly gurulýan giň gerimli maglumat işleýiş merkeziniň gurluşygynyň bir bölegini togtatdy.

Kompaniýa gurluşygyň birinji tapgyryna eýýämden başlapdy, ýöne häzirki wagtda gurluşygyň ýagdaýyny täzeden seljermek maksady bilen ikinji tapgyrdaky işleri wagtlaýyn togtatmak kararyna geldi.
Wisconsin Public Radio neşirine berlen beýannamada Microsoft, bu togtadyş kararynyň dizaýny täzeden gözden geçirmek we taslama täsir edip biljek täze tehnologiki üýtgeşmeleri göz öňünde tutmak zerurlygy bilen baglanyşyklydygyny düşündirdi.
Mundan ozal hem, ITinfo neşiri OpenAI-nyň ýolbaşçysynyň 2025-nji ýyla çenli AGI-y (emeli umumy aňy) we ýokary derejeli aňy döredip biljekdikleri barada aýdandygyny habar beripdi.


03.06.2026 15:15
3.4k+

Türkmenistanyň Gümrük gullugy «Bir penjire» ulgamyna emeli aňy girizdi

Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugy «Eksport-import amallary üçin bir penjire» web-portalyna (tradebridge.gov.tm) emeli aň tehnologiýasyny goşdy. Bu täze tehnologik mümkinçilik 2026-njy ýylyň 1-nji iýunyndan......

28.05.2026 09:06
3.2k+

OpenAI emeli aň howpsuzlygy boýunça barlagçy wezipesine adam gözleýär – zähmet haky ýylda 445 müň dollar

OpenAI kompaniýasy emeli aňyň howpsuzlygy boýunça barlagçy wezipesine ýylda 445 müň dollara çenli aýlyk hakly iş ornuny açdy....

19.05.2026 12:17
4k+

Geýtsleriň gaznasy Microsoft-daky paýyny doly satdy

Gates Foundation haýyr-sahawat gaznasy 2026-njy ýylyň birinji çärýeginde kompaniýanyň soňky 7,7 million aksiýasyny satyp, Microsoft-yň maýasyndan doly çykdy....

18.05.2026 14:48
3.9k+

Tehasda ilkinji gezek maglumat merkezleriniň gurluşygyna wagtlaýyn gadagançylyk girizildi

Tehas ştatynyň Hill okrugynyň ygtyýarlylar geňeşi oba ýerlerinde maglumat merkezleriniň gurluşygyny bir ýyl möhlet bilen togtatmak baradaky karary goldap ses berdi. Bu karar ştatyň taryhynda şeýle görnüşdäki......