Xiaomi akylly gantelleri çykardy: ol agyrlygy üýtgedip bilýär, gaýtalanýan hereketleriň sanyny we kaloriýalary hasaplaýar

  • 07.01.2025 22:00
  • 5k+

Hytaýyň Xiaomi kompaniýasy akylly Mijia Smart Dumbbell gantellerini tanyşdyrdy. Bu fitnes enjamy kaloriýa hasaplamak, gaýtalanýan hereketleriň sanyny sanamak bilen bir hatarda şahsy türgenleşikler üçin smartfona baglanyp bilýär.

Gantelleriň tutawajynda ýerleşdirilen ekranda gaýtalanýan hereketleriň sany, ýakylýan kaloriýa we türgenleşik wagty görkezilýär. Enjam, hereketleri takyk ölçemek üçin akselerometr bilen enjamlaşdyrylandyr.
Modul gurluşy gantelleriň agyrlygyny üýtgetmäge mümkinçilik berýär. Esasy topluma gantelleriň agramyny 1 kg-dan 2 kg-a çenli ýokarlandyryp bilýän, aýrylyp dakylýan agraldyjylary öz içine alýar. Bu ganteller esasan täze başlan türgenler, kardio türgenleşikleri geçirýänler we öý şertlerinde fiziki durkuny saklamak isleýänler üçin niýetlenendir.
Bluetooth 5.1-iň üsti bilen smartfona baglanmak arkaly Mi Home programmasynda şahsylaşdyrylan türgenleşik maksatnamalaryna gözegçilik etmäge mümkinçilik berýär.
Ganteller iki sany AA görnüşli batareýa bilen işläp, alty aýa çenli güýji bar. Satuwlar Hytaýyň Yopin platformasynda 8-nji ýanwarda başlar. Bahasy bolsa 99 ýuan (takmynan 13,5 ABŞ dollary) bolar.


22.02.2026 01:33
3.8k+

Xiaomi-niň ýolbaşçysy täze Xiaomi 17 Ultra-nyň kamerasynyň mümkinçiliklerini görkezdi

Xiaomi korporasiýasynyň ýolbaşçysy Lu Weýbing Xiaomi 17 Ultra flagman smartfonynyň dünýä derejesindäki tanyşdyrylyşynyň öňüsyrasynda enjamyň kamerasynda düşürilen täze suratlary paýlaşdy. Smartfonyň resmi tanyşdyrylyşy "MWC 2026" sergisiniň öňüsyrasynda, 2026-njy ýylyň 28-nji fewralynda bolar...

14.02.2026 18:43
1.4k+

Baýramçylyk arakesmesi: Xiaomi Hytaý täze ýyly sebäpli HyperOS täzelenmelerini wagtlaýyn duruzdy

Xiaomi kompaniýasy Hytaýda bellenilýän täze ýyl baýramçylygy bilen baglylykda HyperOS programma üpjünçiliginiň täzelenmelerini çykarmagy wagtlaýynça bes edýär. Bu barada XiaomiTime tehnologiýa resursy habar berýär...

06.02.2026 09:00
1.4k+

HyperOS Android-iň köne kodlaryndan saplanýar: Xiaomi öz operasion ulgamyny çykarar

Xiaomi kompaniýasy özüniň HyperOS operasion ulgamyny düýpli täzeläp, onuň düzümindäki könelen Android kodlaryny hususy komponentleri bilen çalşyrmagy meýilleşdirýär. Bu barada belli tehnologiýa insaýderi «Digital Chat Station» habar berýär...

21.01.2026 10:50
2.2k+

Xiaomi smartfonlar üçin örän inçe daşky akkumulýatory çykardy

Xiaomi smartfonlar bilen gündelik ulanmak üçin magnitli ultra inçe daşky akkumulýatory hödürledi. Aksessuar bazarda iň ykjam magnit pauerbanklarynyň hataryna girýär. Akkumulýatoryň ýogynlygy 6 mm, agramy 98 g barabar...