FAO: 2024-nji ýylda azyk önümleri üçin global bahalar 2,1% peseldi

  • 07.01.2025 15:29
  • 1.3k+

2024-nji ýylda azyk önümleri üçin global baha indeksi 2023-nji ýyl bilen deňeşdirilende 2,1% peseldi. Bu barada BMG-niň Azyk we oba hojalygy guramasy (FAO) habar berýär.

“2024-nji ýylyň jemi boýunça FAO-nyň azyk bahasynyň indeks derejesi 122,0 punkt boldy, bu 2023-nji ýylyň ortaça derejesinden 2,1 göterim pesdir: ösümlik ýaglary, süýt önümleri we et üçin bahalaryň esli däl, ýöne täsirli ösen döwründe däneli ekinleriň we şekeriň bahalarynyň ep-esli peselendigi hasaba alyndy” – diýlip, guramanyň habarynda aýdylýar.

FAO bahalaryň peselmegini şeker çiňriginiň hasylynyň gowulaşmagy bilen baglanyşdyrýar.
Dekabryň indeks görkezijisi 127,0 punkt boldy we bu noýabr aýyndakydan 0,5% pesdir. Ýöne bu görkeziji 2023-nji ýylyň dekabr aýyndakydan 6,7% ýokarydyr.
Şeker üçin bahalaryň ep-esli peselmegi hasaba alyndy (ýylda 13,2%). Ösümlik ýaglary üçin bahalar, dekabr aýynda sähel peselendigine garamazdan, tersine, ýylda 9,4% ýokarlandy. Däneli ekinler üçin bahalar ýyllyk hasabynda 13,3% pese gaçdy. Beýleki kategoriýalardan tapawutlylykda, et üçin baha 2024-nji ýylda 2,7% ýokarlandy.


26.02.2026 12:29
9.7k+

Dünýäde iň köp ösdürilip ýetişdirilýän oba hojalyk ekinleriniň reýtingi düzüldi

Dünýäde şeker çiňriginiň ýygnalyşy tas iki milliard tonna ýetdi, bu bolsa ony planetanyň iň köp öndürilýän oba hojalyk ekini edýär diýlip, BMG-niň Azyk we oba hojalyk guramasynyň (FAO) habarynda aýdylýar. Guramanyň 2024-nji ýyl üçin statistiki maglumatlaryna görä, bu ekiniň ýyllyk önümçilik göwrümi 1,94 milliard tonna deňdir...

20.02.2026 17:07
1k+

Rimde Türkmenistan bilen FAO-nyň arasyndaky strategik hyzmatdaşlyk maslahatlaşyldy

2026-njy ýylyň 18-nji fewralynda Rim şäherinde Birleşen Milletler Guramasynyň Azyk we oba hojalyk guramasynyň (FAO) ştab-kwartirasynda Türkmenistanyň Italiýadaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi, FAO-nyň ýanyndaky Hemişelik wekili T...

05.02.2026 23:01
1.9k+

Türkmenistanyň DIM-inde FAO bilen hyzmatdaşlygyň netijeleri we meýilnamalary maslahatlaşyldy

2026-njy ýylyň 5-nji fewralynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde ýurduň BMG-niň Azyk we oba hojalyk guramasy (FAO) bilen hyzmatdaşlygyna bagyşlanan brifing geçirildi. Çärä Türkmenistanyň DIM-iniň ýolbaşçylary we işgärleri, ýurtda akkreditirlenen diplomatik wekilhanalaryň, halkara guramalaryň ýolbaşçylary we wekilleri, şeýle hem köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdy...

23.01.2026 11:22
871

Raşid Meredow BMG-niň Ýewropa ykdysady komissiýasynyň Ýerine ýetiriji sekretarynyň orunbasary bilen duşuşdy

22-nji ýanwarda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow BMG-niň Ýewropa ykdysady komissiýasynyň (UNECE) Ýerine ýetiriji sekretarynyň orunbasary Dmitriý Marýasin bilen duşuşyk geçirdi. Myhman şu ýylyň 20 – 23-nji ýanwary aralygynda geçirilýän ýokary derejedäki SPECA hepdeliginiň çärelerine gatnaşmak üçin Aşgabada geldi diýip, Türkmenistanyň DIM-niň saýtynda habar berilýär...