2024-nji ýylyň iň gowy 10 sany gökdirän binasy saýlandy

  • 07.01.2025 15:16
  • 7.9k+

Dezeen onlaýn žurnaly 2024-nji ýylyň iň gowy gökdirän binalarynyň sanawyny hödürledi.

Ilkinji onluga göwrümi we dizaýny bilen haýrana goýýan, dünýäniň dürli künjeklerinde ýerleşýän binagärlik taslamalary girýär. Bruklindäki başlary göge ýetýän ýaşaýyş jaý binalary BAE-däki “asman” köprüsi bilen birleşdirilen görlüp-eşidilmedik diňler sanawda ýanaşyk ýerleşýär.
Sanawa aşakdaky taslamalar girizildi:


One Za’abeel (Dubaý, BAE): 57 we 67 gata barabar belentlikdäki iki minaradan ybarat bu toplum dünýäniň iň uzyn panoramaly “asman podiumy” bilen 100 metr belentlikde birleşýär. Minaralaryň arasyndaky dört gatly “köpri” gönüden-göni 6 zolakly awtoulag ýolunyň üstünden geçýär we özboluşly şäher derwezesini  emele getirýär. Onda restoran, bar we gözegçilik meýdançasy bar. Bina Ýaponiýanyň Nikken Sekkei binagärlik edarasy tarapyndan taslamalaşdyryldy.


One Domino Square (Nýu-Ýork, ABŞ): Selldorf Architects-niň bir jübüt ýaşaýyş jaýy. Bu obýekt Brukliniň kenar ýakasynda, Williamsburg köprüsi bilen Domino şeker zawodynyň arasynda ýerleşýär. Taslamanyň awtorlary fasadda günüň dowamynda we möwsüme baglylykda reňkini üýtgedýän merjen farfor plitalaryny ulandylar.


EPIQ (Kito, Ekwador): beýikligi 101 metr bolan 24 gatly bina. Açyk terassalar bilen bölnen we tutuşlygyna panoramaly penjireler bilen örtülen iki sany egri L şekilli blokdan ybarat.


Transamerica Pyramid (San-Fransisko, ABŞ): 1972-nji ýylda durky täzelenen  piramida görnüşli diň, beýikligi - 260 metr. Foster + Partners-iň arhitektorlary asyl dizaýnyny dikeldip, binany töweregindäki seýilgähe sazlaşdyrdylar.


1550 on the Green (Hýuston, Tehas, ABŞ): Seýilgähiň gapdalynda ýerleşýän beýikligi 137 metre çenli bolan alty sany birleşdirilen diňden ybarat basgançak görnüşli toplum. Minaralaryň birneme egrelen görnüşi bar. Üçeklerinde açyk ýerler köp.


One High Line (Nýu-Ýork, ABŞ): Bu topluma senagat etrabynyň dik gidýän   binalarynyň fonunda  saýlanyp görünýän egri diwarly myhmanhana we kondominiumlar girýär.


EZ Parque da Cidade (Braziliýa): Diwarlaryndaky boşluklary we köp sanly ýaşyl zolaklary öz içine alýan adaty bolmadyk taslamaly iki diň. Ol "dik durmuşy täzeden gözden geçirmegi" hödürleýär.


Mori JP Tower (Tokio, Ýaponiýa): Ýaponiýanyň iň beýik gökdirän binasy (330 metr). Amerikanyň Pelli Clarke & Partners studiýasy tarapyndan taslamalaşdyryldy.


Sutton Tower (Nýu-Ýork, ABŞ): Manhettendäki 259 metrlik diň, ýönekeý, ýöne haýran galdyryjy gönüburçly şekilli, şampan reňkli täç bilen örtülen.


The Greenwich (Nýu-Ýork, ABŞ): Nýu-Ýorkda adaty bolmadyk gurluşly, 88 gatly 272 öýli aýna diň. Urugwaýly binagär Rafael Winýoli tarapyndan taslamalaşdyryldy.

şu gün 11:22
2.3k+

Türki döwletler 34 harpdan ybarat elipbiýi ornaşdyrmagy ara alyp maslahatlaşýarlar

Astana şäherinde Türk akademiýasy tarapyndan gurnalan Umumy türk elipbiýi komissiýasynyň dördünji mejlisi geçirildi. Altyn Orda neşiriniň habar bermegine görä, duşuşyga gatnaşyjylar esasan 34 harpdan ybarat......

şu gün 11:08
1.4k+

«Ýura eýýamynyň dünýäsi: Hökmürowanlyk» taryhda iň çykdajyly film diýlip ykrar edildi

«Ýura eýýamynyň dünýäsi: Hökmürowanlyk» (Мир Юрского периода: Господство) filmi taryhda iň gymmat düşen kino taslamasy diýlip yglan edildi. «Fortune» neşiriniň maglumatlaryna görä, Universal Pictures......

şu gün 10:10
1.8k+

Zergär Göwher Nuryýewa Buharada geçen halkara festiwalyň Kubogyna mynasyp boldy

Türkmen zergäri, Suratkeşler birleşiginiň agzasy Göwher Nuryýewa Altyn sapak we zergärçilik hünäri III halkara festiwalynda üçünji orny eýeledi. Bu çäre 15—17-nji maý aralygynda Buhara (Özbegistan) şäherinde......

şu gün 08:15
1.4k+

BAE göreşe goşuldy: ýurtda 15 ýaşdan kiçilere sosial torlaryny ulanmak gadagan edildi

Birleşen Arap Emirlikleriniň (BAE) Hökümeti kämillik ýaşyna ýetmedikleriň sosial ulgamlaryny ulanmagyny düýpgöter çäklendirýän karary tassyklady. «Khaleej Times» neşiriniň habar bermegine görä, mundan beýläk......