YouTube-da Mr.Beast-iň kanalyna ýazylanlaryň sany ABŞ-nyň ilatyndan hem geçdi

  • 07.01.2025 12:33
  • 9.9k+

2025-nji ýylyň 5-nji ýanwaryna çenli ýagdaýa görä, Mr.Beast ady bilen tanalýan bloger Jimmi Donaldson öz YouTube kanalyna ýazylan adamlaryň sanyny 341 million 671 müňe ýetirmegi başardy. Bu Ilat ýazuwy býurosynyň maglumatlaryna görä, 341 million 156 müň adam bolan ABŞ-nyň ilat sanyndan hem köpdür diýip, Esquire.kz habar berýär.

Mr.Beast-iň kanaly 2012-nji ýylyň 20-nji fewralynda döredildi. Şondan bäri onda umumy tomaşa sany 69 milliarddan geçdi. Häzire çenli Jimmi uly göwrümli taslamalary we uly haýyr-yhsanlary öz içine alýan kontentleri döretmäge bolan çemeleşmesiniň kömegi bilen dünýäde iň abraýly blogerleriň birine öwrüldi.
Ýakynda Donaldson täze taslamasy diýip atlandyran tutuş bir şäheriň gurluşygynyň tamamlanandygyny habar berdi. Blogeriň aýtmagyna görä, ol bu pikiri durmuşa geçirmek üçin 14 million dollar sarp etdi.


16.06.2026 23:19
2.2k+

Beýik Britaniýa 16 ýaşdan kiçi çagalara sosial torlary ulanmagy gadagan eder

Beýik Britaniýanyň hökümeti 16 ýaşyna ýetmedik çagalaryň sosial torlardan peýdalanmagyny gadagan etmäge taýýarlyk görýär. Täze düzgünleriň 2027-nji ýylyň başynda güýje girmegine garaşylýar diýip, «BBC» habar......

15.06.2026 12:34
1.5k+

Paramount-yň Warner Bros.Discovery-ny satyn almagyna ýene bir böwet aradan aýryldy

ABŞ-nyň Adalat ministrligi Paramount Skydance kompaniýasy tarapyndan Warner Bros. Discovery-ny satyn almak boýunça 111 milliard dollarlyk şertnamany makullady....

14.06.2026 14:07
3.9k+

MrBeast YouTube-da agzalary 500 milliona ýeten ilkinji bloger boldy

Jimmi «MrBeast» Donaldson YouTube platformasynda 500 million yzarlaýjy görkezijisine ýeten ilkinji bloger boldy. Ol bu pursaty platformada göni ýaýlymda görkezdi....

13.06.2026 09:33
10k+

Eger ABŞ DÇ-2026-da ýeňiji bolsa, Jeep 100 sany wnedorožnigi sowgat berer. Emma birje ýönesi bar...

Amerikanyň Jeep brendi Futbol boýunça dünýä çempionatynyň şanyna adaty bolmadyk watançylyk mahabat kampaniýasyny başlady. Kompaniýa eger ABŞ-nyň topary çempionatda ýeňiş gazansa, 100 sany Jeep Wrangler......