Redmi Turbo 4-iň satuwy ilkinji günde özünden öňki modeliň netijelerinden 220% ýokary boldy

  • 06.01.2025 15:39
  • 4.5k+

2-nji ýanwarda Hytaýyň Redmi brendi täze Turbo 4 smartfonynyň satuwyna başlady. Resmi maglumatlara görä, ilkinji 24 sagadyň dowamynda onuň satuwynyň  mukdary özünden öňki modeliňkiden iki esseden gowrak köp - 220% boldy.

Täze smartfonyň esasy artykmaçlygy onuň öndürijiligidir. Turbo 4 ösen uly ýadro arhitekturasy bolan MediaTek Dimensity 8400-Ultra prosessory bilen işleýär. Prosessoryň ýygylygy 3,25 GGs bolan bir Cortex-A725 ýadrosy, 3,0 GGs ýygylygy bolan üç sany Cortex-A725 ýadrosy we 2,1 GGs ýygylygy bolan dört Cortex-A725 ýadrosy bar. Mali-G720 MC7 grafiki prosessory iň ýokary öndürijiligiň 24% artmagyny üpjün edýär, şol bir wagtyň özünde energiýa sarp edilişini 42% azaldýar.
Smartfonda 1,5K durulykly we 120Gs täzeleniş tizligi bolan 6,67 dýuýmlyk OLED ekrany bilen üpjün edilen.
Kamera modulyna 50 MP esasy datçik, 8 MP ultra giň burçly obýektiw we 20 MP öň kamerasy girýär. 6550 mAh batareýa 90W çalt zarýad bermegi goldaýar we enjama 45 minutda doly zarýad almaga mümkinçilik berýär.
Mundan başga-da, Turbo 4 IP66, IP68 we IP69 standartlaryna kepillendirilip, çyglylyga we tozana çydamlydyr. Enjam iň täze Wi-Fi 6 we Bluetooth 6.0 aragatnaşyk tehnologiýalaryny goldaýar.
Smartfon halkara bazaryna POCO X7 Pro ady bilen çykarylar.


22.02.2026 01:33
3.8k+

Xiaomi-niň ýolbaşçysy täze Xiaomi 17 Ultra-nyň kamerasynyň mümkinçiliklerini görkezdi

Xiaomi korporasiýasynyň ýolbaşçysy Lu Weýbing Xiaomi 17 Ultra flagman smartfonynyň dünýä derejesindäki tanyşdyrylyşynyň öňüsyrasynda enjamyň kamerasynda düşürilen täze suratlary paýlaşdy. Smartfonyň resmi tanyşdyrylyşy "MWC 2026" sergisiniň öňüsyrasynda, 2026-njy ýylyň 28-nji fewralynda bolar...

14.02.2026 18:43
1.4k+

Baýramçylyk arakesmesi: Xiaomi Hytaý täze ýyly sebäpli HyperOS täzelenmelerini wagtlaýyn duruzdy

Xiaomi kompaniýasy Hytaýda bellenilýän täze ýyl baýramçylygy bilen baglylykda HyperOS programma üpjünçiliginiň täzelenmelerini çykarmagy wagtlaýynça bes edýär. Bu barada XiaomiTime tehnologiýa resursy habar berýär...

06.02.2026 09:00
1.4k+

HyperOS Android-iň köne kodlaryndan saplanýar: Xiaomi öz operasion ulgamyny çykarar

Xiaomi kompaniýasy özüniň HyperOS operasion ulgamyny düýpli täzeläp, onuň düzümindäki könelen Android kodlaryny hususy komponentleri bilen çalşyrmagy meýilleşdirýär. Bu barada belli tehnologiýa insaýderi «Digital Chat Station» habar berýär...

21.01.2026 10:50
2.2k+

Xiaomi smartfonlar üçin örän inçe daşky akkumulýatory çykardy

Xiaomi smartfonlar bilen gündelik ulanmak üçin magnitli ultra inçe daşky akkumulýatory hödürledi. Aksessuar bazarda iň ykjam magnit pauerbanklarynyň hataryna girýär. Akkumulýatoryň ýogynlygy 6 mm, agramy 98 g barabar...