Apple-iň baş direktory Tim Kuk Trampyň kasam kabul ediş dabarasyna 1 million dollar peşgeş berer

  • 06.01.2025 14:58
  • 11k+

Apple-iň baş direktory Tim Kuk ABŞ-nyň saýlanan prezidenti Donald Trampyň kasam kabul ediş dabarasyna 1 million dollar peşgeş berer. Bu barada Axios neşiri  habar berdi.

"Alabamanyň buýsançly ýaşaýjysy bolan Kuk kasam kabul ediş dabarasyny Amerikanyň ajaýyp däbi hasaplaýar we oňa agzybirlik ruhunda peşgeş berýär" - diýip, neşiriň söhbetdeşleri mälim etdiler. Apple-den haýyr-sahawata garaşylmaýandygyny aýdyp, sözleriniň üstüni ýetirdiler.

Ondan öň Meta, Amazon kompaniýalary, şeýle hem OpenAI-yň esaslandyryjysy we başlygy Sem Altman hem-de beýleki iri telekeçiler, şol sanda diňe bir tehnologiýa kompaniýalary däl, eýsem awtoulag öndürijileri hem Trampyň kasam kabul ediş dabarasynyň gaznasyna haýyr-sahawat berýändiklerini yglan etdiler.
Tim Kuk Tramp bilen gatnaşygy ýola goýmak üçin, onuň birinji prezidentlik eden döwründe ýygy-ýygydan duşuşýardy diýip, The Wall Street Journal gazeti habar berýär. Axios-yň berýän maglumatlaryna görä, 2024-nji ýylyň dekabrynda Kuk syýasatçynyň Floridadaky Mar-a-Lago rezidensiýasyna nahara çagyryldy.
Apple ABŞ-da we dünýäde iň iri salgyt töleýji bolup durýar diýip, Axios ýatladýar.


düýn 19:37
4.2k+

ABŞ Trampyň portreti çekilen 250 dollarlyk banknoty çap etmek isleýär

Eger Kongres kanunyň taslamasyny tassyklasa, ABŞ-nyň Maliýe ministrligi prezident Donald Trampyň portreti çekilen 250 dollarlyk banknoty çap etmäge taýýar. Bu barada Pudagyň ýolbaşçysy Skott Bessent Ak Tamda......

25.05.2026 15:17
6.4k+

OECD 2026-njy ýylda iň ýokary zähmet haky tölenýän ýurtlaryň sanawyny çap etdi

Ykdysady hyzmatdaşlyk we ösüş guramasy (OECD) 2026-njy ýylda ortaça zähmet haky iň ýokary bolan döwletleriň reýtingini çykardy. Sanaw düzülende ýurtlaryň milli walýutalary alyjylaryň ukybynyň deňligine görä......

22.05.2026 15:38
2.7k+

Dünýädäki öý hojalyk karzlarynyň ýarysyndan gowragy ABŞ bilen Hytaýyň paýyna düşýär

Bütin dünýä boýunça öý hojalyklarynyň umumy bergisi 65,3 trillion dollara ýetdi. Iň täsin tarapy bolsa, bu ägirt uly berginiň ýarysyndan gowragy diňe iki döwletiň – ABŞ-nyň we Hytaýyň paýyna düşýär....

22.05.2026 14:19
1.9k+

BMG dünýä ykdysadyýetiniň haýallap, inflýasiýanyň ýokarlanjakdygyny çaklaýar

Birleşen Milletler Guramasy geosyýasy gapma-garşylyklar, inflýasiýanyň artmagy we global näbellilikler sebäpli, 2026-njy ýylda dünýä ykdysadyýetiniň ösüşiniň haýallajakdygyny çaklady....