Ýaponiýada Ýer ýüzüniň iň garry ýaşaýjysy aradan çykdy: bu at indi braziliýaly aýala geçdi

  • 05.01.2025 23:09
  • 15k+

Ýaponiýada 116 ýaşynda Ýer ýüzüniň iň garry ýaşaýjysy Tomiko Itooka aradan çykdy. Bu barada 4-nji ýanwarda Hiogo prefekturasynyň Asiýa häkimliginiň wekili habar berdi.

Ol ýakynlarynyň gatnaşmagynda jaýlandy. Ýaşy Gerontologiýa gözleg topary tarapyndan tassyklanan Itooka 29-njy dekabrda tebigy sebäp bilen aradan çykdy. Ol ömrüniň soňky ýyllaryny garrylar öýünde geçirdi.
Itooka 1908-nji ýylyň 23-nji maýynda Osakada dünýä indi. Ol Ikinji jahan urşy döwründe adamsynyň häzirki Günorta Koreýanyň çäginde ýerleşen dokma fabrikasynyň ofisini dolandyrdy. 1979-njy ýylda dul galdy. Ol hatda ýaşy bir çene baranda hem işjeň durmuş ýörelgesini alyp barýardy. Onuň ogly we gyzy, şeýle-de bäş agtygy galdy.
Oňa Ýer ýüzüniň iň garry ýaşaýjysy ady geçen ýylyň awgust aýynda 117 ýaşly ispaniýaly Mariýa Branýas aradan çykandan soň geçdi.

Indi bolsa dünýäniň iň garry adamy diýlip resmi taýdan Itookadan 16 gün kiçi bolan braziliýaly Ina Kanabarro Lukas ykrar edildi. 


18.06.2026 22:13
4.7k+

Ýaponiýada doňdurma öndürijileriniň özara dildüwşügi derňelýär

Ýaponiýanyň Adalatly we dogruçyl söwda boýunça komissiýasy alty sany uly doňdurma öndürijisiniň bahalary emeli ýollar bilen düzgünleşdirmeginde şübhelenip, derňew işlerine başlady....

04.06.2026 11:45
2.4k+

Ýaponiýada ýitip giten kekeçli ibisler gaýtadan ýetişdirilip, ýabany tebigata goýberildi

Ýaponiýada soňky onlarça ýylyň dowamynda ilkinji gezek, ozal bu sebitde doly ýitip giden kekeçli ibis guşlarynyň sekizisi ýabany tebigata goýberildi. Dabaraly çäre Hakui şäherinde geçirildi. Bu guşlaryň iň......

28.05.2026 17:06
4.4k+

Ýaponiýa we Gazagystandaky BMGÖM Kaspi deňzi üçin 3 million dollar sarp edýär

Ýaponiýanyň Hökümeti we BMG-niň Ösüş Maksatnamasy (BMGÖM) Gazagystanda Kaspi deňziniň suwunyň derejesiniň peselmegine garşy çärelere gönükdirilen 3 million dollar gymmatyndaky täze taslama badalga berýärler....

27.05.2026 10:18
9k+

Ýaponiýada 1200 ýyllap ýanyp duran «Ebedi ot» ybadathanasyny ot aldy

Ýaponiýanyň Miýadzima adasynda ýüze çykan uly ýangyn netijesinde 806-njy ýyldan bäri (1200 ýyldan gowrak wagt) dowamly ýanyp duran ebedi ody öz içinde saklaýan meşhur «Reýkado» ybadathanasy doly ýanyp, kül......