"Redmi" Book 14 2025 we Book 16 2025 noutbuklaryny hödürledi

  • 04.01.2025 22:34
  • 3.1k+

Redmi kompaniýasy iki sany täze - Book 14 2025 we Book 16 2025 noutbuklarynyň çykjakdygyny bildiriş etdi.

Täze noutbuklar 47 Wt-a çenli energiýa sarp edýän 12 ýadroly Intel Core i5-220H prosessory bilen enjamlaşdyrylandyr. Sowatmak üçin iki sowadyjy ýelpewaç we diametri 8 mm-lik bir jübüt ýylylyk turbalary ulanylýar. Operatiw ýady - LPDDR5X.
Redmi Book 16 2025 modeli 2,5K durulykda, Redmi Book 14 2025 - 2,8K durulykdaky ekranlary aldy. Iki panel hem 120Gs täzeleniş tizligini, 400kd/m² ýagtylygy goldaýar we 100% sRGB reňk giňişligini gurşap alýar.

Noutbuklar demir korpusly ýasalýar. Iki enjamyň hem galyňlygy 15,9 mm, uly modeliň agramy 1,65 kg, kiçisi modeliňki - 1,36 kg. Sygymy 72 Wts-lik batareýa 19 sagada çenli özbaşdak işläp bilýär.
Bahalar ýadyň konfigurasiýasyna baglylykda üýtgeýär.
Redmi Book 14 2025:

  • 16/512 GB - 630 $,
  • 16 GB / 1 TB - 670 $,
  • 32 GB / 1 TB - 710 $;

Redmi Book 16 2025:

  • 16/512 GB - 660 $,
  • 16 GB / 1 TB - 700 $,
  • 32 GB / 1 TB - 740 $.

22.02.2026 01:33
3.9k+

Xiaomi-niň ýolbaşçysy täze Xiaomi 17 Ultra-nyň kamerasynyň mümkinçiliklerini görkezdi

Xiaomi korporasiýasynyň ýolbaşçysy Lu Weýbing Xiaomi 17 Ultra flagman smartfonynyň dünýä derejesindäki tanyşdyrylyşynyň öňüsyrasynda enjamyň kamerasynda düşürilen täze suratlary paýlaşdy. Smartfonyň resmi tanyşdyrylyşy "MWC 2026" sergisiniň öňüsyrasynda, 2026-njy ýylyň 28-nji fewralynda bolar...

14.02.2026 18:43
1.5k+

Baýramçylyk arakesmesi: Xiaomi Hytaý täze ýyly sebäpli HyperOS täzelenmelerini wagtlaýyn duruzdy

Xiaomi kompaniýasy Hytaýda bellenilýän täze ýyl baýramçylygy bilen baglylykda HyperOS programma üpjünçiliginiň täzelenmelerini çykarmagy wagtlaýynça bes edýär. Bu barada XiaomiTime tehnologiýa resursy habar berýär...

06.02.2026 09:00
1.4k+

HyperOS Android-iň köne kodlaryndan saplanýar: Xiaomi öz operasion ulgamyny çykarar

Xiaomi kompaniýasy özüniň HyperOS operasion ulgamyny düýpli täzeläp, onuň düzümindäki könelen Android kodlaryny hususy komponentleri bilen çalşyrmagy meýilleşdirýär. Bu barada belli tehnologiýa insaýderi «Digital Chat Station» habar berýär...

21.01.2026 10:50
2.3k+

Xiaomi smartfonlar üçin örän inçe daşky akkumulýatory çykardy

Xiaomi smartfonlar bilen gündelik ulanmak üçin magnitli ultra inçe daşky akkumulýatory hödürledi. Aksessuar bazarda iň ykjam magnit pauerbanklarynyň hataryna girýär. Akkumulýatoryň ýogynlygy 6 mm, agramy 98 g barabar...