Samsung CES 2025-de ultrases sowadyjyly noutbugy görkezer

  • 04.01.2025 22:20
  • 2.1k+

Frore Systems kompaniýasy CES 2025-de Samsung Galaxy Book4 Edge 14 noutbugynyň prototipiniň görkeziljekdigini bildiriş etdi. Täze model adaty ýelpewaçlary ultrases sowadyjylary bilen çalyşjak AirJet gaty jisimli sowadyş ulgamy bilen üpjün ediler.

AirJet tehnologiýasy enjamyň galyňlygyny artdyrmazdan ýa-da sesini gataltmazdan enjamyň işleýşini 50%-e çenli ýokarlandyrýar diýip, Tom's Hardware ýazýar.
Bu çözgüt enjamyň ultra inçe profilini 10,9 mm-de saklamaga we dört sany AirJet çipini ulanmak arkaly, güýjüni 12 Wt-dan 18 Wt-a çenli ýokarlandyrmaga mümkinçilik berýär. Sowadyş ulgamynyň meýdany 45% azalýar we has uly batareýa üçin ýer boşadýar.
Galaxy Book4 Edge 14  23,2 sagada çenli wideo görkezmäge ukyply bolar, bu bolsa öňki görkezijilerden 16% uzakdyr. Howa çalşygy deşikleriniň ýoklugy enjamy tozandan we çyglylykdan has hem goragly edýär.
AirJet noutbuklaryň geljekki nesli üçin işlenip düzülýär hem-de professional we oýun maksatly ulanmak üçin amatly, ýagny uzak wagtlap agram düşende hem  durnukly işlemegi wada berýär. Galaxy Book4 Edge 14 kuwwaty we batareýasynyň ömri boýunça MacBook Air 15 bilen bäsleşer.


11.04.2026 14:59
7.8k+

Dünýäde iň geçginli smartfonlaryň 10-lugyna birbada 5 sany iPhone girdi

2025-nji ýylyň dördünji çärýeginde dünýäde iň köp satylan 10 modeliň arasynda iPhone smartfonlary bäş orny eýeledi. Muňa Counterpoint Research kompaniýasynyň maglumatlary şaýatlyk edýär....

11.04.2026 10:19
3.2k+

Samsung her dördünji ýewropalynyň iliň telefonyna jyklaýandygyny anyklady

Samsung tarapyndan geçirilen barlaga we Delfi agentliginiň berýän maglumatyna görä, Ýewropanyň ýaşaýjylarynyň ýarysyndan gowragy (56%) jemgyýetçilik ýerlerinde iliň telefonynyň ekranyna seredendiklerini boýun......

23.03.2026 00:03
5.8k+

Samsung Galaxy S26 Ultra-ny yzyna gaýtarmakdan ýüz öwrenlere 250 dollara çenli pul hödürleýär

«Samsung Galaxy S26 Ultra smartfonlaryny ulanýanlar kompaniýanyň enjamy yzyna gaýtarmakdan ýüz öwren ýagdaýynda, olara 250 dollara çenli öwez puly berilýär» diýip WCCFTech neşiri ýazýar. Ulanyjylaryň aýtmagyna görä, şeýle teklibi smartfon barada şikaýat ýa-da satyn alnan önümden närazylyk bilen kömek gullugyna ýüz tutanyňdan soň alyp bolýar...

24.02.2026 09:33
1.5k+

Samsung Galaxy S26 smartfonlaryna Perplexity emeli aň agentini goşar

Samsung geljekki Galaxy S26 smartfonlar hatarynda Galaxy AI ulgamynyň mümkinçiliklerini giňeldýär. Platformanyň täzelenen görnüşine Perplexity emeli aň (EA) agenti goşular. Öndüriji bu barada Galaxy Unpacked tanyşdyrylyşyndan birnäçe gün öň habar berdi...