Günde 2025-nji ýylyň başyndan bäri ilkinji ýokary derejeli alawlamalar ýüze çykdy

  • 04.01.2025 19:16
  • 6.4k+

3-nji ýanwarda, anna güni Günüň üstünde iň ýokary X derejeli 2025-nji ýylyň ilkinji alawlamasy bolup geçdi diýip, TASS habar berýär.

Russiýanyň Amaly geofizika institutynyň berýän maglumatlaryna görä, 20 minut dowam eden X1.2 derejesindäki alaw Aşgabat wagty bilen sagat 16:39-da rentgen diapazonynda hasaba alyndy.
Ondan öň, 30-njy dekabrda deňeşdirmek üçin güýçli iki alawlama (X1.1 we X1.5) hasaba alyndy.
Günüň işjeňligi şu gün hem dowam etdi - 4-nji ýanwarda alty sany güýçli alaw ýüze çykyp, olaryň biri X1.1 derejesine ýetdi we 24 minut dowam etdi. Bu alaw gije Aşgabat wagty bilen sagat 03:41-de 3947 (N11E59) tegmiller toparyndaky rentgen diapazonynda hasaba alyndy.
Galan bäş alawlama M - M7.6, M1.5, M5.8, M1.9, M2.3 klasa ýetdi.
Gün alawlamalary rentgen şöhleleriniň güýjüne baglylykda bäş klasa bölünýär: A, B, C, M we X. Iň pes A0.0 klasy Ýeriň orbitasyndaky 1 inedördül metre 10 nWt radiasiýa güýjüne laýyk gelýär. Indiki harplara geçilende güýç 10 esse ýokarlanýar.
Alawlamalar, adatça, Gün plazmasynyň zyňyndylary bilen utgaşyp, bulutlary Ýere ýetende, magnit tupanlaryny döredip biler.


22.03.2026 16:34
4k+

Mart aýynyň ahyrynda iki meteor akymyny synlamak bolar

2026-njy ýylyň mart aýynyň ahyrynda Ýeriň ýaşaýjylary iki meteor ýagşyny — Gamma Normidleri we Eta Wirginidleri synlap bilerler. Birinjisi 28-nji marta çenli, ikinjisi bolsa 25-nji marta çenli işjeň bolar. Aýyň ýagtylygynyň gowşaklygy sebäpli olary arkaýyn synlap bolar...

21.03.2026 11:26
5.4k+

Gije bilen gündiziň deňleşen pursady: 20-nji martda Ýer ýaz paslyna «geçdi»

20-nji martda Türkmenistanyň wagty bilen takmynan sagat 19:46-da Ýer şary üçin kän bir bildirmeýän, ýöne planeta üçin düýpli ähmiýeti bolan pursat — ýazky gije-gündiz deňleşmesi boldy. Bu wagtda Gün asman ekwatoryny kesip geçýär we gije bilen gündiz deňleşýär: takmynan, 12 sagat gündiz we şonça sagat hem gije...

09.03.2026 14:06
12k+

Germaniýada asmandan inen meteorit ýaşaýyş jaýynyň üstüne düşdi

Germaniýanyň günbataryndaky Reýnland-Pfalz federal ýerindäki Koblens şäherinde 8-nji mart güni agşam asmandan düşen meteorit bölegi ýaşaýyş jaýynyň üstüne düşdi. Koblens polisiýasynyň berýän maglumatyna görä, Gýuls raýonynda sagat 19:00 töweregi kömürleşen asman jisimi jaýyň üçeklerini deşip geçdi...

05.03.2026 07:02
4.9k+

2026-njy ýylyň ýeke-täk doly Aý tutulmasy: «Ganly Aý» dürli künjeklerde nähili göründi?

3-nji martda 2026-njy ýylyň ýeke-täk doly Aý tutulmasy boldy. Bu tebigy hadysa wagtynda Aý goýy gyzyl reňke eýe bolýar, şol sebäpli hem oňa, adatça, «Ganly Aý» diýilýär. Fotosuratçylar dünýäniň dürli künjeklerinde bu täsin pursaty surata düşürdi...