Xiaomi täze Brilliant Magenta reňkinde SU7 elektromobilini görkezdi

  • 04.01.2025 16:09
  • 5.1k+

Brendiň 15 ýyllygy mynasybetli Xiaomi täze Brilliant Magenta reňkinde ilkinji SU7 elektromobilini çykardy. Bu reňk model hatarynda onunjy boldy we eýýäm Xiaomi Auto programmasy arkaly sargyt etmek üçin elýeterlidir, bölek söwda dükanlarynda ol fewral aýyndan başlap peýda bolar.

Ilkibaşda, 2023-nji ýylda SU7 çykarylyp başlananda, awtomobil üç reňkde hödürlenýärdi: Aqua Blue, Verdant Green we Mineral Gray. 2024-nji ýylda hatara ýene alty reňk, şol sanda Meteor Blue, Radiant Purple we Lava Orange goşuldy.
Mundan başga-da, Xiaomi öz smartfonlary üçin SU7-niň dizaýnyndan ylham alan tematiki bezegleri işläp taýýarlady. Ýörite oboýlary we nyşanlary Xiaomi-niň temalar dükanyndan mugt ýükläp almak bolýar.
SU7-niň üstünligi kompaniýanyň garaşanyndan ýokary boldy: 2024-nji ýylda 100 müň awtomobil satmak meýilleşdirilipdi, ýöne noýabr aýyna çenli bu görkeziji ýokarlandy: sargytlaryň umumy göwrümi 130 müňe ýetdi.
Şeýle-de, kompaniýa elektromobiliň ikinji modelini – 2025-nji ýylyň tomsunda satuwa çykarylmagy meýilleşdirilýän YU7 krossowerini anons etdi. 2025-nji ýylda önümçilik möçberini artdyrmak üçin awtomobil zawodynyň ikinji tapgyry işe giriziler.
Mundan başga-da, Xiaomi üç motorly SU7 Ultra-ny we täze krossowerleri çykarmaga taýýarlanýar.


düýn 18:36
2.4k+

Ferrari sport ulaglary we elektromobilleri üçin sanly «mehanika» gutyny patentleşdirdi

Ferrari kompaniýasy transmissiýa bilen gönüden-göni mehaniki arabaglanyşygyň bolmagyna garamazdan, açyk kulisaly klassik mehaniki geçiriş gutusynyň işini gaýtalaýan transmissiýa selektoryna patent hasaba aldy....

düýn 17:04
2k+

Ýewropada benzin we dizel ýangyçly awtoulaglaryň satuwy peselmegini dowam etdirýär

2026-njy ýylyň maý aýynda Ýewropa Bileleşiginiň ýurtlarynda, EFTA-da (Erkin söwda boýunça Ýewropa assosiasiýasy — Islandiýa, Lihtenşteýn, Norwegiýa we Şweýsariýa) hem-de Beýik Britaniýada 1,15 milliona golaý......

17.06.2026 10:28
1.5k+

Täze Peugeot e-208 GTi hetçbegi 277 at güýjüni berýän elektrik hereketlendirijisini aldy

Peugeot markanyň taryhynda GTi belgisini göterýän ilkinji ýokary öndürijilikli seriýaly elektromobili bolan e-208 GTi modelini hödürledi. Bu barada «Carscoops» portaly habar berýär....

29.05.2026 23:38
3.6k+

Honda 15,7 milliard dollar zyýan çekendigine garamazdan, täze elektrik ulag platformasyny döreder

Honda kompaniýasy geljekki modeller üçin doly elektrik we gibrid awtoulaglaryň öndürilmegine mümkinçilik berjek täze arhitekturany işläp düzýär. Bu karar ABŞ-nyň bazaryndaky elektrik awtoulaglaryny ösdürmek......