Saud Arabystanynda 47-nji “Dakar” rallisi başlandy

  • 04.01.2025 13:04
  • 5.6k+

3-nji ýanwarda Saud Arabystanynyň Bişa şäherinde 47-nji “Dakar” rallisi başlandy. Awtoulag sporty dünýäsindäki iň uly we arzan ýaryş 17-nji ýanwarda Şubaýtda tamamlanar diýip, Anadolu gullugy habar berýär.

Ýaryşyň birinji gününde wnedorožnikleriň arasynda prolog boldy. Iň oňat wagty Toyota-nyň topary üçin bäsleşýän, günorta afrikaly Henk Lategan görkezdi. Ikinji orny Ford awtoulagynda çykyş eden şwesiýaly Mattias Ekstrýom aldy. Dacia toparynyň wekili, katarly Nasser Saleh Al-Attiýa ilkinji üçlügi tamamlady.
Dört gezek “Dakar” rallisiniň ýeňijisi, häzirki çempion Karlos Saýns-uly prologda 25-nji orny eýeledi.
Motosiklleriň netijeleri hasaplananda awstraliýaly Deniel Sanders öňdebaryjy boldy.
“Dakar-2025” rallisi dürli derejeli kynçylykly tapgyrlary hem-de çöllük, daglyk ýerlerden geçýän täsin ugurlary öz içine alýar. Ýaryşa gatnaşyjylar müňlerçe kilometr ýol geçip, örän kyn şertlerde bäsleşerler.


22.05.2026 07:24
9.6k+

Garaşylan ýeňiş: Ronaldu «Al-Nasr» bilen Saud Arabystanynda ilkinji kubogyny aldy

«Al-Nasr» futbol kluby Saud Arabystanynyň çempionatynyň soňky — 34-nji tapgyrynyň duşuşygynda «Damak» toparyny 4:1 hasabynda utdy we Kriştianu Ronaldu topara geçeni bäri ilkinji gezek ýurduň çempiony boldy....

04.04.2026 15:00
9.9k+

Saud Arabystanynda täze trassa “Formula 1” ýaryşlaryny howa göterer

Saud Arabystanynda täze “Formula 1” trassasy gurulýar, onuň bir bölegi takmynan 70 metr belentlikden geçer. Er-Riýaddan takmynan 45 kilometr uzaklykda ýerleşýän Qiddiya etrabynda ýerleşýän bu taslama......

16.03.2026 16:43
3.7k+

“Formula 1” aprel aýynda Bahreýnde we Saud Arabystanynda geçirilmegi meýilleşdirilen Grand Prix ýaryşlaryny ýatyrdy

Halkara awtoulag federasiýasy (FIA) we Formula-1-iň ýolbaşçylygy Bahreýnde we Saud Arabystanynda Gran-priniň ýaryşlaryny ýatyrdy. Bu barada FIA-nyň resmi web sahypasynda yglan edildi. Aprel aýynda geçiriljek ýaryşlar Ýakyn Gündogardaky häzirki geosyýasy ýagdaý sebäpli geçirilmez...

22.02.2026 22:43
22k+

«Men Saud Arabystanyna degişli. Bu ýerde men bagtly» Ronaldu geljegi barada pikirlerini paýlaşdy

Saud Arabystanynyň «Al-Nasr» klubunyň hüjümçisi Kriştianu Ronaldu özüniň geljekki meýilnamalary barada durup geçdi we karýerasyny bu ýurtda dowam etdirmek isleýändigini tassyklady. Bu barada insaýder Fabrisio Romano habar berýär...