Russiýanyň Sahalin adasynyň ýaşaýjysy lotereýada bir milliard rubl utdy

  • 03.01.2025 19:05
  • 12k+

Russiýanyň Sahalin adasynyň ýaşaýjysy “Russkoýe loto” lotereýasynda 1 milliard rubl (häzirki walýuta hümmeti - 9 million dollardan gowrak) utdy diýip, RBK habar berýär.

Deslapky maglumata görä, utuşly petek “Stoloto” web sahypasyndan satyn alnypdyr. Ýeňiji Russiýanyň Sahalin sebitinde hasaba alnan telefon belgisini görkezdi.
Munuň Russiýada 1 milliard rubl utan dördünji adamdygy bellendi. Ýene 90 adam 1 million rubldan gowrak, ýene 81 adam 123 457 rubl utdy.
Jemi 11 920 044 petek “Täze ýyl milliardy” utuşynda ýeňiji boldy. Tiražda 3,65 milliard rubllyk utuş boldy.

"Bu rus lotereýalarynyň içinde bir tiraždaky utuşlaryň umumy mukdary boýunça absolýut rekorddyr" – diýip, “Rus lotosynda” habar berdiler .


03.06.2026 18:04
2.4k+

A.S.Puşkin adyndaky teatr Russiýada geçen halkara festiwalyň Kubogyna mynasyp boldy

Paýtagtymyzdaky A.S.Puşkin adyndaky rus döwlet drama teatry 2026-njy ýylyň 22-nji we 31-nji maýy aralygynda geçirilen «Melihowo bahary» atly XXVI halkara teatr festiwalyna gatnaşdy....

29.05.2026 15:22
9.7k+

Sankt-Peterburgda meýletinçiler 27 müňden gowrak gurlawugy we gurbagany ýoldan geçirdiler

Sankt-Peterburgda "Amfibiýalara ýol beriň!" kampaniýasy geçirildi, onuň dowamynda meýletinçiler möwsümleýin göçýän döwürlerinde 27 289 gurlawuga we gurbaga gatnawly awtoulag ýolundan geçmäge kömek etdiler. Bu......

28.05.2026 12:25
1.8k+

Aýwazowskiniň "Dokuzynjy gom" eseri ilkinji gezek doly restawrasiýadan geçiriler  

Iwan Aýwazowskiniň Rus muzeýiniň ýygyndysyndaky meşhur "Dokuzynjy gom" kartinasy ilkinji gezek doly restawrasiýa ediler diýip, muzeýiň metbugat gullugy habar berdi....

25.05.2026 17:12
6.7k+

Russiýaly paraalpinist Nabiýew Eweresti elleri bilen boýun egdiren dünýäde ilkinji adam boldy

Ufaly (RF) paraalpinist Rustam Nabiýew Ewereste diňe elleri bilen dyrmaşyp çykan dünýäde ilkinji adam boldy. Ol 20-nji maýda Nepal wagty bilen sagat 8:16-da çür depä ýetdi....