Häzirki wagtda dünýä ilatynyň sany 8,156 mlrd adama ýetýär

  • 03.01.2025 17:22
  • 11k+

Germaniýanyň dünýä ilaty gaznasynyň (DSW) maglumatlaryna görä, 2024-nji ýylda Ýer ýüzüniň ilatynyň sany tas 82 mln adam artdy. Täze 2025-nji ýyla çenli dünýäde 8,156 mlrd adam bar diýip, TASS belleýär.

Ilatyň iň ýokary ösüşi Afrikada hasaba alyndy. Hünärmenleriň hasaplamalaryna görä, geljek 20 ýylda yklymyň ilaty iki esseden gowrak artyp biler. Bu çaga dogluş derejesiniň ýokary bolmagy we birnäçe sebitde ýaşaýyş şertleriniň gowulaşmagy bilen baglanyşyklydyr.
BMG-niň çaklamalaryna görä, 2037-nji ýyla çenli Ýeriň ilaty ilkinji gezek 9 mlrd adamdan geçer. Bu global ösüş ykdysadyýet, ekologiýa we sosial gurşaw ýaly durmuşyň köp tarapyna täsir edip biler.

şu gün 11:22
2.3k+

Türki döwletler 34 harpdan ybarat elipbiýi ornaşdyrmagy ara alyp maslahatlaşýarlar

Astana şäherinde Türk akademiýasy tarapyndan gurnalan Umumy türk elipbiýi komissiýasynyň dördünji mejlisi geçirildi. Altyn Orda neşiriniň habar bermegine görä, duşuşyga gatnaşyjylar esasan 34 harpdan ybarat......

şu gün 11:08
1.4k+

«Ýura eýýamynyň dünýäsi: Hökmürowanlyk» taryhda iň çykdajyly film diýlip ykrar edildi

«Ýura eýýamynyň dünýäsi: Hökmürowanlyk» (Мир Юрского периода: Господство) filmi taryhda iň gymmat düşen kino taslamasy diýlip yglan edildi. «Fortune» neşiriniň maglumatlaryna görä, Universal Pictures......

şu gün 10:10
1.8k+

Zergär Göwher Nuryýewa Buharada geçen halkara festiwalyň Kubogyna mynasyp boldy

Türkmen zergäri, Suratkeşler birleşiginiň agzasy Göwher Nuryýewa Altyn sapak we zergärçilik hünäri III halkara festiwalynda üçünji orny eýeledi. Bu çäre 15—17-nji maý aralygynda Buhara (Özbegistan) şäherinde......

şu gün 08:15
1.4k+

BAE göreşe goşuldy: ýurtda 15 ýaşdan kiçilere sosial torlaryny ulanmak gadagan edildi

Birleşen Arap Emirlikleriniň (BAE) Hökümeti kämillik ýaşyna ýetmedikleriň sosial ulgamlaryny ulanmagyny düýpgöter çäklendirýän karary tassyklady. «Khaleej Times» neşiriniň habar bermegine görä, mundan beýläk......