2025-nji ýylyň ilkinji smartfony: Xiaomi kompaniýasy Redmi Turbo 4-i hödürledi

  • 03.01.2025 16:50
  • 5.9k+

Täze ýyl gijesi Xiaomi kompaniýasynyň esaslandyryjylarynyň biri we baş müdiri Leý Szýun göni ýaýlymda täze Redmi Turbo 4 smartfonyny hödürledi diýip, Gizmochina habar berýär.

Gurluşyň dizaýny eýýäm bellidi – Xiaomi Cloud White reňkinde modeliň suratyny hödürledi. Ýaýlymda bu görnüşi Leý Szýunyň hut özi görkezdi. Smartfon iki kameraly dik blok bilen minimalistik görnüşe eýe boldy. Yzky paneliň aýratynlygy ýalpyldysyz aýnadan geçýän gyzyl çyzyk boldy.
Model Redmi K80-iň ýönekeýleşdirilen wersiýasy hökmünde kesgitlenýär.
Smartfon durulygy 2712 x 1220 piksel we iň ýokary ýagtylygy 3200 kd/kw.m bolan 6,67 dýuým OLED ekrany bilen üpjün edildi. Ekranyň täzelenme ýygylygy 120 Gs barabar. Ekrany öl eliň bilen hem dolandyryp bolýar.
Täze önüm Dimensity 8400-Ultra prosessoryna, 6550 mA/sag sygymly batareýa we IP69 goragyna eýe boldy. Ýörite çip temperatura režimini gözegçilikde saklap, Xiaomi SU7 elektromobillerinde bolşy ýaly, batareýanyň otrisatel temperaturalarda çalt gyzmagyny üpjün edýär. Şonuň netijesinde batareýa -35 °С-da hem işläp bilýär. 90 Wt kuwwatly çalt zarýad berşi goldaýar, netijede batareýa 45 minutda doly zarýad alýar.
Öndüriji akkumulýatora bäş ýyl kepillik berýär.
Frontal kamera 20 Mp OmniVision OV20B sensoryna eýe, esasy kamera bolsa 50 Mp (Sony LYT-600) we 8 Mp (SC820CS) datçikler bilen üpjün edilendir. Barmak yzyny skanerleýji ekrana gurnaldy. Gurluş Wi-Fi 6, Bluetooth 6.0, NFC ýaly tehnologiýalary goldaýar.
Smartfon Android 15-iň esasynda HyperOS 2-niň dolandyrmagy bilen işleýär.
Baha:

  • 16/256 GB - $275;
  • 12/512 GB - $300;
  • 16/512 GB - $315;
  • 16/512 GB - $345.

Redmi Turbo 4 üç reňkde elýeterli bolar: gara, ak we gök.


22.02.2026 01:33
3.9k+

Xiaomi-niň ýolbaşçysy täze Xiaomi 17 Ultra-nyň kamerasynyň mümkinçiliklerini görkezdi

Xiaomi korporasiýasynyň ýolbaşçysy Lu Weýbing Xiaomi 17 Ultra flagman smartfonynyň dünýä derejesindäki tanyşdyrylyşynyň öňüsyrasynda enjamyň kamerasynda düşürilen täze suratlary paýlaşdy. Smartfonyň resmi tanyşdyrylyşy "MWC 2026" sergisiniň öňüsyrasynda, 2026-njy ýylyň 28-nji fewralynda bolar...

14.02.2026 18:43
1.5k+

Baýramçylyk arakesmesi: Xiaomi Hytaý täze ýyly sebäpli HyperOS täzelenmelerini wagtlaýyn duruzdy

Xiaomi kompaniýasy Hytaýda bellenilýän täze ýyl baýramçylygy bilen baglylykda HyperOS programma üpjünçiliginiň täzelenmelerini çykarmagy wagtlaýynça bes edýär. Bu barada XiaomiTime tehnologiýa resursy habar berýär...

06.02.2026 09:00
1.4k+

HyperOS Android-iň köne kodlaryndan saplanýar: Xiaomi öz operasion ulgamyny çykarar

Xiaomi kompaniýasy özüniň HyperOS operasion ulgamyny düýpli täzeläp, onuň düzümindäki könelen Android kodlaryny hususy komponentleri bilen çalşyrmagy meýilleşdirýär. Bu barada belli tehnologiýa insaýderi «Digital Chat Station» habar berýär...

21.01.2026 10:50
2.3k+

Xiaomi smartfonlar üçin örän inçe daşky akkumulýatory çykardy

Xiaomi smartfonlar bilen gündelik ulanmak üçin magnitli ultra inçe daşky akkumulýatory hödürledi. Aksessuar bazarda iň ykjam magnit pauerbanklarynyň hataryna girýär. Akkumulýatoryň ýogynlygy 6 mm, agramy 98 g barabar...