Ýewropada gyşky transfer penjiresi açyldy: esasy transfer çaklamalary

  • 02.01.2025 18:57
  • 8.7k+

2025-nji ýylyň 1-nji ýanwarynda Ýewropa ýurtlarynyň köpüsinde gyşky transfer penjiresi açyldy – futbol klublaryna täze oýunçylar bilen şertnama baglaşmak ýa-da kärendesine almak üçin bir aý wagt berilýär.

Ýylyň ilkinji güni transfer penjiresi Angliýada, Germaniýada, Fransiýada, Şotlandiýada, Gresiýada, Daniýada, Awstriýada, Kiprde we beýleki birnäçe ýurtda açyldy. Ispaniýada we Italiýada transfer amallary 2-nji ýanwarda geçirilip başlanýar.
Bu babatda birnäçe sport KHBS-inde alnyp barylýan gepleşikler we mümkin bolan transferler barada habarlar peýda bolýar.

  • Mohamed Salah: Žurnalist Romen Kolle Godeniň maglumatlaryna görä, Fransiýanyň “Pari Sen-Žermen” kluby 32 ýaşly müsürli oýunça hepdede 500 müň ýewro zähmet haky bilen üçýyllyk şertnama hödürleýär. “Liwerpul” hem hepdede 400 müň ýewro bilen ikiýyllyk şertnama teklip edip, oýunçyny saklamaga çalyşýar. Salahyň häzirki şertnamasy tomsuna tamamlanýar.
  • Jowani Kuenda: “Sportingiň” 17 ýaşly oýunçysyna Ýewropanyň birbada birnäçe öňdebaryjy kluby, şol sanda “PSŽ”, “Liwerpul”, “Mançester Siti” we “Mançester Ýunaýted” gyzyklanma bildirýär diýip, insaýder Rudi Galetti habar berýär.
  • Duşan Wlahowiç: “Ýuwentusyň” 24 ýaşly serbiýaly hüjümçisi bilen şertnama baglaşmaga Londonyň “Arsenaly” gyzyklanma bildirýär diýip, Galetti habar berýär. Klub ony gyşky transfer penjiresinde ileri tutulýan maksat hökmünde kesgitledi.
  • Wilýam Saliba: Madridiň “Realy” “Arsenalyň” 23 ýaşly fransiýaly goragçysyny 100 mln ýewro satyn almagy göz öňünde tutýar. Şeýle mukdar goragçy oýunçy üçin rekord bolup biler diýip, Sport.es habar berýär.
  • “Mançester Ýunaýted” gyşky transfer penjiresinde çykarjak esasy oýunçylaryny kesgitledi. Klub braziliýaly ýarymgoragçy Kazemiro, daniýaly oýunçy Kristian Eriksen we şwesiýaly goragçy Wiktor Lindelýof bilen aýrylyşmagy meýilleşdirýär diýip, insaýder Fabrisio Romano habar berýär.
  • Kriştianu Ronaldu 2025-nji ýylyň tomsunda şertnamanyň möhleti tamamlanandan soň “Al-Nasrdan” gitmek kararyna geldi. Maisfutebol-yň maglumatlaryna görä, portugaliýaly möhüm titullar üçin göreşýän toparda çykyş etmek isleýär.

şu gün 23:41
160

Infantino 16 günde 27 gezek uçuş edip, dünýä çempionatynyň 24 oýnuna gatnaşdy

FIFA-nyň prezidenti Janni Infantino dünýä çempionatynyň 16 gününiň dowamynda 27 sapar uçuş etdi we 24 oýna gatnaşdy. «BBC Sport-yň» hasaplamalaryna görä, şol döwürde ol howada 66 sagatdan gowrak wagt geçirdi,......

şu gün 13:41
7.8k+

DÇ-2026-da 1/16 tapgyryň ähli jübütleri belli boldy: oýunlaryň tertibi

ABŞ-da, Kanadada we Meksikada geçirilýän 2026-njy ýylyň futbol boýunça dünýä çempionatynyň toparçalaýyn tapgyrynyň jemleýji oýunlary tamamlandy. 28-nji iýunda irden (Aşgabat wagty bilen) pleý-off tapgyrynyň......

şu gün 12:43
6.2k+

DÇ-2026: Messiniň nobatdaky goly, DR Kongo pleý-offda, Alžir – Awstriýa oýnundaky triller

2026-njy ýylyň futbol boýunça dünýä çempionatynda toparçalaýyn tapgyrynyň 3-nji aýlawynyň duşuşyklary tamamlandy. Bu oýunlaryň netijelerine görä, 1/16 finalda bäsleşjek ähli ýygyndy toparlaryň düzümi doly......

düýn 13:51
10k+

DÇ – 2026: Dembele hettrik etdi, Kabo-Werde taryha öwrülýär, Eýran welin, Müsürden asgyn geldi...

Futbol boýunça 2026-njy ýylyň Dünýä çempionatynda G, H we I toparlarynda iň soňky – 3-nji tapgyryň oýunlary tamamlandy. Bu duşuşyklaryň netijelerine görä, toparçalardaky jemleýji orunlar we 1/16 ahyrky tapgyra......